Sepleriň elýeterliligi

Gazagystandan laçynlar bikanun çykaryljak bolundy


Saker laçynlary

Gazagystanyň Almaty şäherindäki halkara aeroportynda Kataryň raýatlary 29 laçyny gaçgak ýoly bilen ýurtdan çykarjak bolanlarynda, ele salyndylar.

Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň beren maglumatyna görä, laçynlar Katara uçmaly iki raýata degişli 15 gutynyň içinden tapylypdyr.

Saker laçynlary Gazagystan tarapyndan goralýar. Olar pars aýlygy ýurtlary tarapyndan awçylykda ulanylýar.

Merkezi Aziýada bu guşlaryň “gara bazardaky” bahasy 10 müň – 15 müň amerikan dollary aralygynda durýar.

XS
SM
MD
LG