Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede terrorçylykda aýyplanýan 11 aktiwist sud edilýär


 Idil Eser
Idil Eser

25-nji oktýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde terrorçylykda aýyplanýan 11 sany hukuk aktiwistiniň sud seljerişligi başlanýar. Eger-de günäli tapylsalar, olara 15 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Aktiwistleriň arasynda halkara Günä geçiş guramasynyň Türkiýedäki wekili, german we şwed raýatlary hem bar. Olar “jemgyýetde baş-başdaklyk” döretmek, “ýaragly terror guramasyna” agza bolmak we kömek bermek aýyplamalarynda aýyplanýar.

Berlin bu jenaýat işini “düýpden düşnüksiz” we “esasyz” diýip häsiýetlendirdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy bu aktiwistleriň “özleriniň adam hukuklaryna ynanmaklaryndan başga hiç bir esassyz tussag edilendiklerini” aýtdy.

Sud edilýän aktiwistleri biri Halkara Günä geçiş guramasynyň Türkiýe bölüminiň direktory Idil Eser we bu guramanyň başlygy Taner Kiliç. Sud edilýänleriň onusy iýul aýynda AI tarapyndan guralan seminara geçirilen reýdden bäri tussag astynda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG