Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Jeňçiler Farah welaýatynda 9 esgeri öldürdi


 Farah welaýatyndaky owgan esgerleri. Arhiw suraty.
Farah welaýatyndaky owgan esgerleri. Arhiw suraty.

Owgan resmisi jeňçileriň günbatardaky Farah welaýatynda howpsuzlyk postuna hüjüm edip, dokuz esgeri öldürendiklerini, dört esgeri bolsa ýaralandyklaryny aýtdy.

Welaýat häkimliginiň sözçüsi Naser Mehri bu hüjümiň 24-nji oktýabr güni giçlik amala aşyrylandygyny we üç sagatlyk atyşyga, ýaragly darkaşa ýazandygyny aýtdy. Netijede söweşe owgan uruş uçarlary hem çekildi we “Talyban” söweşijileriniň 17-si öldürildi diýi, Mehri aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

Şu aralykda günbatardaky Hyrat welaýatynyň gubernatory Jailni Farhad Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 24-nji oktýabrda urlan howa zarbalarynyň “Talyban” jeňçilerine agyr ýitgi çekdirendigini aýtdy.

Bu howa zarbalary Çest Şarif etrabyna, jeňçileriň maslahat üçin toplanan ýerine uruldy diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG