Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongrese gadagançylyga düşmeli ruslaryň sanawy gowuşdy


ABŞ-nyň Kongresi
ABŞ-nyň Kongresi

Döwlet departamenti ABŞ-nyň sanksiýalaryna düşüp biljek rus kompaniýalarynyň we aňtaw gulluklarynyň sanawyny Kongrese hödürledi. Bu gadagançylyk Russiýanyň geçen ýyl ABŞ-daky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy baradaky aýyplamalaryň esasynda girizilýär.

“The New York Times” neşiri özüniň websaýtynda Kongrese hödürlenendigi aýdylýan sanawyň nusgasyny çap etdi. Onda Russiýanyň alty aňtaw agentliginiň we 33 goranmak, şol sanda Kalaşnikow, Suhoý, Topolew, Rosoboroneksport ýaly kompaniýalarynyň atlary geçýär.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili sanawyň ýakyn günlerde köpçülige aýan ediljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol amerikan kompaniýalaryna sanawdaky kärhanalar we şahsyýetler bilen arasyny açmak üçin wagtyň berlendigini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG