Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýurtlaryň özara bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi


Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümini belledi, Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2017
Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümini belledi, Aşgabat, 27-nji oktýabr, 2017

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Orsýetiň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagy ýurtlaryň özara bähbitlerine laýyk gelýär diýip, belledi. Bu barada Medwedewiň Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň senesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan gutlag hatynda aýdylýar diýlip, orsýet mediasynda habar berildi.

27-nji oktýabrda Türkmenistan garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümini belledi.

“Orsýetiň we Türkmenistanyň gatnaşyklary dostluga we özara hormat däplerine esaslanyp, strategiki partnýorlygyň täze derejesine çykdy. Söwda-ykdysady we inwestision gatnaşyklar öňe tarap özgerýär. Senagat, infrastruktura, energetika, ýokary tehnologiýalar we beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki perspektiw proýektler durmuşa geçirilýär” diýlip, Medwedewiň hatynda aýdylýar.

Habar berlişine görä, munuň öňýanynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistany garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.

XS
SM
MD
LG