Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ýadro meseleler boýunça baş resmisi Eýrana sapar edýär


BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) ýolbaşçysy Ýukiýa Amano
BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) ýolbaşçysy Ýukiýa Amano

BMG-niň ýadro meselelere gözegçilik edýän edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirmek üçin 29-njy oktýabrda Tährana bardy.

Bu sapar ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda gelnen halkara ylalaşygyny ýatyrmak bilen haýbat atýan wagtyna gabat geldi.

BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 25-nji oktýabrda habar bermegine görä, edaranyň ýolbaşçysy Ýukiýa Amano Tähranda geçirjek gepleşiklerini 2015-nji ýylda gelnen ylalaşygy “Eýranyň durmuşa geçirişiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi tarapyndan barlanmagyna we gözegçiligine gönükdirer”.

Şu aýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny berjaý edýändigini tassyklamazlyk hakynda karar çykardy.

Tramp 13-nji oktýabrda ABŞ-nyň Eýran boýunça syýasatyna bagyşlanan çykyşynda Tährany “hilegär režim” diýip atlandyrdy we “çynlakaý kemçilikler” düzedilmese ylalaşykdan çykmagy wada berdi. Tramp Tährany ballistik raketalary synamak we Ýakyn Gündogarda ekstremistleri goldamak arkaly ylalaşygyň “ruhuny” depelemekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG