Sepleriň elýeterliligi

Barselonada müňlerçe adam Ispaniýanyň bütewüligini goldap, demonstrasiýa geçirýär


Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rajoy

Onlarça müň protestçi Kataloniýanyň paýtagty Barselonada jemlenip, Ispaniýanyň bütewüligini goldamak boýunça demonstrasiýa geçirýär.

29-njy oktýabrda geçirilýän bu ýöriş Madridiň merkezi hökümetiniň Kataloniýany awtonomiýadan mahrum etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Madrid bu kararyny Kataloniýanyň regional parlamentiniň öz garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň çykardy.

“Biziň ählimiz Kataloniýa!”, “Biziň ählimiz Ispaniýa” we “Biz bile bolmak isleýäris” mazmunly şygarlar astynda geçirilýän bu ýörişi “Kataloniýanyň raýat jemgyýeti” atly topar guramalaşdyrýar.

Demonstrantlar Barselonanyň merkezinden geçende Ispaniýanyň milli baýdagyny göterip çykdylar.

Regionyň Ispaniýanyň bölegi bolup galmagy ugrundaky ýene bir ýöriş Barselonada 8-nji oktýabrda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilipdi.

Şeýle-de, 27-nji oktýabrda müňlerçe adam Kataloniýanyň parlamentiniň regionyň Ispaniýadan bölünmegi boýunça geçiren ses berişliginiň yzýany garaşsyzlygy goldap çykyş edipdi.

Regional parlamentiň geçiren ses berişliginiň yzýany Ispaniýanyň senaty Madridiň Kataloniýany öz gözegçiligine almagy, şeýle-de prezident Karles Puigdemonty we onuň resmilerini iş başyndan çetleşdirmegi boýunça ses berdi. Bu karar 214 ses bilen goldandy, 47 ses garşy çykdy.

Yzysüre Ispaniýanyň prezidenti Mariano Rajoy öz hökümetiniň Kataloniýany göni öz gözegçiligine alýandygyny, regional hökümeti dargadýandygyny we 21-nji dekabrda täze regional saýlawlary geçirjegini yglan etdi.

Kataloniýanyň 1-nji oktýabrda garaşsyzlyk boýunça bikanun referendumyny geçirmeginiň yzýany Ispaniýa onlarça ýyllaryň dowamynda ýüze çykan iň agyr krizise batdy.

Kataloniýanyň häkimiýetleri referenduma gatnaşanlaryň 90%-niň regionyň garaşsyz bolmagyny saýlandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan deslapky barlaglar ses berijileriň 40% çemesiniň bölünmegi goldandygyny görkezipdi, olaryň ençemesi referendumy boýkot edipdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Puigdemont Ispaniýanyň göni gözegçiligine garşy oppozisiýa çagyryş etdi we “azat ýurt döretmek ugrunda işlemegi” wada berdi.

Puigdemont bu çagyryşy bilen 28-nji oktýabrda Kataloniýanyň telewideniýesinde görkezilen öňünden taýýarlanan ýazgyda çykyş etdi.

Puigdemont diňe regional parlamentiň Kataloniýanyň hökümetini dargadyp bilýändigini belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG