Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa Kataloniýanyň separatistlerini Madride boýun bolmaga çagyrdy


Kataloniýanyň prezidenti Karles Puigdemont

Ispan hökümeti katalanlary Madridiň kararyny kabul edip, separatistik liderlerini häkimiýet başyndan aýyrmaga we bu biynjalyk regionyň kontrollygyny öz ellerine geçirmäge çagyrdy.

Ispaniýanyň daşary işler ministri bu beýanaty Madrid Kataloniýanyň hökümetini işden boşatmagy wada edeninden bir gün soňra, ýagny ýekşenbe güni etdi. Katalan hökümetini işden boşatmak regionyň garaşsyzlyk boýunça edýän tagallalaryny başa bardyrmazlyk we ýewro zonasynyň kalbynda bulagaýlyk hem ykdysady bulam-bujarlyk dörär diýip, edilýän gorkyny köşeşdirmek üçin iň soňky çykalga hasaplanýar.

Kataloniýanyň prezidenti Karles Puigdemont üstümizdäki hepde ýerine ýetirilmeli karary ret etdi, garaşsyzlygyň tarapyny çalýan müňlerçe protestçi hem şenbe güni Barselonada ýüriş geçirdi.

Regional parlamentiň başlygy Karme Forkadel özüniň Madridiň hereketini kabul etmejekdigini aýdyp, Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rahoýy “döwlet agdarlyşygyna” taýýarlyk görýänlikde aýyplady.

Ispaniýanyň daşary işler ministri Alfonso Dastis hem ýekşenbe güni muňa adamlary Madride boýun egmäge çagyrmak bilen jogap berdi.

Ol “BBC” telekanalyna beren interwiýusynda: “Hökümetiň etmäge synanyşýan ähli zady kanuny düzgüni täzeden ornatmak, baş kanuny täzeden ornatmak, şeýle hem Kataloniýanyň düzgüniniň şoňa laýyklykda hereket emegi” diýdi.

Ol soňra hem: “Biz Kataloniýanyň gündelik işlerini katalan kanunlaryna we normalaryna laýyklykda dolandyrýan häkimiýetleri ornatmakçy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Dastis regionda adamlary köşeşdirmek üçin Madrid garaşsylygyň tarapyny çalýan liderleriň hiç birini tussag etmez diýdi.

“Biz hiç bir adamy tussag etmekçi däl” diýip, Dastis aýtdy.

Kataloniýanyň ýolbaşçylar bolsa özleriniň Madrid tarapyndan üstlerine ýüklenen düzgüni kabul etmejekdiklerini aýdyp, ispan hökümeti olary häkimiýet başyndan aýyrmaga synanyşsa, özleriniň we tarapdarlarynyň muňa garşylyk görkezjekdigini duýdurýarlar.

Rahoý konstitusiýa tarapyndan göz öňünde tutulan aýratyn ygtyýarlygy ulanjak bolsa, muny senat oňlamaly. Bu barada geçirilmeli maslahat bem anna güne planlaşdyryldy.

Kataloniýanyň köçelerinde garaşsyzlygyň tarapyny çalyp ýa oňa garşy bolup geçirilýän protestlere ýüz müňlerçe adam gatnaşýar. Garaşsyzlyk boýunça 1-nji okrýabrda geçirilen ses berişlikde milli polisýanyň zorlukly hereketleri netijesinde ýüzlerçe adam ýaralanansa-da, ýerli häkimiýetler protestleriň şu wagta çenli parahatçylykly geçendigini aýdýarlar.

Ýöne Rahoýyň konstitusiýa tarapynda göz öňünde tutulan aýratyn ygtyýarlykdan peýdalanmak plany iki tarapy-da gaharlandyrdy. Olar katalan liderleri muňa garşylyk görkezip, adamlary boýun egmezlige çagyrsa, bulagaýlyk turar diýip, howatyr edýärler.

Olar bu işi etmediler, ýöne maýa goýujylar bular ýaly hereketiň ispan ykdysadyýetiniň bäşden birini emele getirýän regionda ösüşiň aşaklamagyna getirer diýip aladalanýarlar. Regionda ýerleşýän kompaniýalaryň ýüzleçesi özleriniň baş edaralaryny regiondan çykaryp, başga ýerlere geçirdiler. Marid hem ykdysady ösüşiň garaşylanyndan aşaklajakdygyny aýdýar.

Barselonada okaýan 24 ýaşyl ispaniýaly Mikel Lekue özüniň Kataloniýanyň garaşsyzlygyny goldamaýandygyny aýdýar, ýöne ol Rahoýyň regiona kontrollyk üçin milli konstitusiýanyň 155-nji maddasyndan ilkinji gezek peýdalanmak taktikasyny tankytlaýar.

“Men 155-nji madda bilen ylalaşamok. Ähli ýalňyşlygy katalan hökümeti etdi, olar köp ýalňyşlyklary edýäler. Meniň pikirimçe, çözgüt Kataloniýanyň awtonomiýasyny ýatyrmak däl. Meniň pikirimçe, olar oturyp gürleşmeli” diýip, Lekue aýdýar.

Ispaniýanyň patyşasy Felipiň, şeýle hem Madridde esasy oppozision partiýanyň goldamagy bilen hereket geçen Rahoý krizis ýewro zonasynda dördünji orny eýeleýän ykdysadyýetde syýasy we ykdysady durnuklylygy howp astyna salýar diýýär.

Referendumdan soňra 10-njy oktýabrda sibloki şekilde regionyň garaşsyzlygyny yglan eden katalan prezidenti Puigdemont Rahoýyň göçümini Ispaniýanyň harby diktaturasyndan bärde “Kataloniýa halkyna edilen iň ýowuz hüjüm” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG