Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri türkmen telewideniýesinden näme isleýärler?


Turkmen banner dunya turkmenleri
Turkmen banner dunya turkmenleri

Türkmenistan 26 ýyl mundan ozal öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ýurtda onlarça habar serişdesi, şol sanda 7 sany telekanal döredildi. Olaryň tas ählisi döwletiň eýeçiliginde. Şeýle-de, Türkmenistan emeli hemrasyny kosmosa uçuryp, öz telekanallaryny dünýäniň has köp ýurdunda görkezmek mümkinçiligine hem eýe boldy.

Eýsem, Türkmenistanyň döwlet telekanallary dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler üçin şu günki gün näderejede elýeterli? Türkmen teleýaýlymlarynyň dünýä türkmenleriniň durmuşyna nähili täsiri bar? Aşgabatdan berilýän telegepleşikler nähili gyzyklanma döredýär? Dünýä türkmenleriniň Türkmenistanyň teleýaýlymlaryndan nähili islegleri bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda ýurduň daşynda ýaşaýan türkmenleriň türkmen teleýaýlymlaryna bolan garaýyşlary bilen gyzyklanyp, asly Eýranyň Türkmensähra regionyndan, häzir Türkiýäniň Trakýa Uniwersitetiniň Amaly-haşam sungatlar fakultetinde işleýän alym doktor Abdurahman Düýeji we owganystanly türkmenleriň wekili Abdyreşit Garkyn bilen söhbetdeş boldy.

Gepleşigi diňläp, bu temadan öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky forumda teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Dünýä türkmenleri türkmen telewideniýesinden näme isleýärler?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG