Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlarynyň kanuny çykalgalary


"Türkpermit" atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň ýolbaşçysy Murat Erşahin türkmen migrantlary bilen.
"Türkpermit" atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň ýolbaşçysy Murat Erşahin türkmen migrantlary bilen.

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatyna görä, bu ýurtdaky türkmen migrantlarynyň sany ýüzlerçe müň töwereginde we olaryň hem aglabasy bikanun ýagdaýda.

Eýsem, Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlary üçin nähili kanuny çykalgalar bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny diňleýjilerden gelip gowuşýan köp sanly islegleri nazarda tutyp, Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlaryna hödürlenýän kanuny çykalgalara gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary golaýda kanuny ýagdaýa geçen köne pasportly türkmen migranty Aýgül bilen "Türkpermit" atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň ýolbaşçysy Murat Erşahin.

Gepleşigi diňläp, öz pikirleriňiz bilen bu ugurdaky tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkiýedäki bikanun türkmen migrantlarynyň kanuny çykalgalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG