Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ulaglarda alajalary asmak gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri (PÝGG) awtoulagynda doga-bagjyklar, alajalar asylan ýa-da käbir ýazgylar ýazylan sürüjileri saklap, olardan bulary aýyrmagy talap edýärler we 50 manat möçberinde pul jerimesini salýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan hususy awtoulag eýeleriniň onlarçasy bu talabyň güýje giriziljekdigi barada mundan bir hepde çemesi ozal gürrüňleriň ýaýrandygyny, ýöne düýnden başlap PÝGG-niň işgärleriniň awtoulag sürüjilerini saklap başlandygyny aýdýarlar.

“Ýekşenbe güni irden sagat 11:00 töweregi meni PÝÝG-niň işgäri saklap, awtoulagymyň salonyndaky uzynlygy 3 santimetr, ini 2 santimetr, galyňlygam 1 santimetre ýetýän doga-bagjygy we awtoulagyň arka tarapyndaky boýy 15 santimetre golaý ýumşak aýyjygy aýyrmagy talap etdi. Polisiýa işgärleri mundan beýläk awtoulaglarda şeýle zatlary goýmagyň, asmagyň ýa-da ‘Alla gorasyn’ ýaly ýazgylary ýelmemegiň gadagandygyny aýdyp, 50 manat pul jerimesini hem ýazdy” diýip, özüni Geldimyrat diýip tanyşdyran 34 ýaşlarynda aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň onlarçasynyň aýtmagyna görä, PÝGG-niň işgärleri bu düzgüniň näme sebäpden güýje girizilendigi barada resmi dokument görkezmeýärler, emma olar awtoulaglardaky ýazgylaryň, doga-bagjyklaryň ýa-da oýunjak aýylaryň sürüjileriň ünsüni bölüp, ýol heläkçiliginiň bolmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“PÝGG-niň işgärleri sürüjilere ‘Bular maşynyň özi bilen zawodda öndürilen zat däl. Bu zatlar hem seniňem, hem-de seniň deňiňden geçýän maşynlaryň-da ünsüni bölýär. Şu zatlaram köçe-ýol heläkçilikleriniň bolmagyna sebäp bolýar’ diýýärler. Ýöne olardan gadagançylyk barada resmi dokument soranyňda, hiç zat görkezmeýärler. Bu soragyňa jogabam bermeýärler. Diňe ikinji gezek gaýtalasaň, onda has berkräk administratiw jeza çäreleriniň görüljekdigini duýdurýarlar” diýip, aşgabatly Geldimyrat gürrüň berdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu girizilen täze düzgün ýa-da onuň sebäpleri barada öňünden metbugatda we radio-telewideniýede ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosyna degişli türkmen häkimiýetlerinden hem kommentariý almak başartmady.

Belläp geçsek, bu türkmen häkimiýetleri tarapyndan hususy awtoulag eýelerine garşy girizilen ilkinji gadagançylyk däl.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen häkimiýetleri hususy awtoulag eýelerinden öz ulaglarynyň aýnalaryndaky, hatda öndüriji zawod tarapyndan ýerleşdirilen garaňkyradýan ýörite plýonaklary, gara diskleri, spoýlerleri aýyrmagy talap edip başlapdylar. Şonda bu gadagançylygyň zerurlygy hem, ulaglaryň aýnalarynyň garaldylmagynyň “ýol-ulag hadysasynyň döremegine sebäp bolup bilýändigi” bilen düşündirilipdi.

Mundanam başga, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýollary özleriniň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän, ulaglardan “arassalamak” boýunça hem dürli çäreleri alyp barýarlar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bäş aý çemesi wagt galanda, PÝGG-niň işgärleri paýtagtda “Waz”, “Žiguli” kysymly awtoulaglary ýygnap başlapdylar. Şonda ýaşaýjylar bu çäräniň paýtagtyň köçelerini köne ulaglardan ‘arassalamak’ üçin geçirilýändigini aýdypdylar.

2013-nji ýylyň 1-nji martyndan bolsa, ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada ýörite karar kabul edildi.

2015-nji ýylda bolsa, gara reňkli maşynlary ýurda getirmäge düýbünden gadagançylyk girizildi. Şeýle-de, şol ýylda airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary hem ýurda goýbermek gadagan edildi.

Sözümizi jemläp aýtsak, türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklary barada ilata düşündiriş bermän gelýärler. Bu gadagançylyklar hakynda ýurduň metbugatynda hem mesele gozgalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG