Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň kampaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy häkimiýetlere boýun syndy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň kampaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Paul Manafort. Arhiwden alnan surat
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň kampaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Paul Manafort. Arhiwden alnan surat

Ýörite prokuror Robert Mulleriň 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlarda Orsýetiň gatyşdy diýilmegi we Trampyň adamlarynyň ruslar bilen ahmal dildüwşükli hyzmatdaşlygy diýilýänler boýunça alyp barýan derňewleri bilen baglylykda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň kampaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Paul Manafort federal häkimiýetlere boýun bolup, özüni tabşyrdy.

Manafort 30-njy oktýabrda Federal derňew býurosynyň, ýagny FBI-yň Waşingtondaky edarasyna geldi. Ol The New York Times bilen CNN-iň, anonim çeşmelerine salgylanyp, Manafort bilen onuň ozalky täjirçilik hyzmatdaşy Rik Geýtsden özlerini federal häkimiýetlere tabşyrmak talap edildi diýip, habar bermeginden biraz soň agzalýan edara geldi.

Olara bildirilýän aýyplamalaryň nämedigi dessine mälim bolmady, ýöne bu buýruk Mulleriň ABŞ-yň Kongresine parallel ýöredýän derňewlerinde wajyp öňe gidişlikdir.

The Associated Press ýagdaýdan habarly diýip tanyşdyran çeşmelerine salgylanyp, Geýtsiňem boýun synyp özüni tabşyrandygyny we olaryň ikisiniňem 30-njy oktýabrda Mulleriň topary tarapyndan bildirilýän aýyplamalara jogap bermek üçin kazyýetde jogapkärçiligine çekiljekdigini habar berdi.

Manafort rederal salgyt kanunlaryny bozmak ähtimallygy, pul ýuwmak we daşary ýurt lobbiçiligini äşgär etmezlik ähtimallygy boýunça derňew astyndady. The Wall Street Journal aýyplamalaryň galp salgyt işlerini hem öz içine alyp biljekdigini habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileri ýanwar aýynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlary nyşana alyp “täsir ediş kampaniýasyny” buýruk berdi diýen netijä geldiler. Ruslaryň bu çäresi amerikan demokratiýasyna ynamy syndyrmagy, Trampa kömek edip onuň garşydaşy Hillari Klintonyň abraýyna şikes ýetirmegi maksat edinipdir.

Aýyplamalar Adalat departamentinde alnyp barylýan derňewleri ýöretmek üçin maý aýynda wezipä bellenen Mulleriň mesele bilen bagly ýöredýän işinde ilkinji günä bildirilişik bolar.

Ak tam ýüze çykan habarlar barada kommentariý bermekden ýüz öwürdi.

Ak tamyň geňeşçisi Kellani Konweý (Kellyanne Conway ) habarlaryň peýda bolmagynyň öňýany “Fox and Friends” telegepleşiginde eden çykyşynda ýaýylýan habarlara äsgermezlikli çemeleşdi.

Konweý aýyplamalaryň golaýlaşýandygy barada biraz owal peýda bolan habarlara salgylanyp, “biz hatda bildiriljek günäleriň kampaniýa bilen baglydygyny ýa-da däldigini hem bilemzok” diýdi.

Orsýet derekli subutnamalara garamzdan özüniň saýlawa gatyşygyny iňkär edýär. 8 - nji noýabrda saýlawlarda ýeňiş gazanan Tramp öz adamlarynyň Moskwa bilen dildüwşikli hyzmatdaşlyk edendigini ret edýär.

Derňewiň çäginde Muller Manafortyň Trampyň kampaniýasyndaky roluny, şeýle-de onuň Ukaina bilen gatnaşygyny ilik-düwme öwrenýär.

Ukrainadaky Orsýetiň tarapyny tutýan syýasy partiýa lobbiçilk edendigi we daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmandygy barada habarlar peýda bolansoň Manafort 2016-njy ýylyň awgustynda Trampyň saýlaw kampaniýasyna ýolbaşçylyk wezipesinden çekildi. Ol hiç-hili gabahat işe baş goşmandygyny aýdyp gelýär.

Manafort Senatyň adalat boýunça komitetine we Senatyň hem-de Wekiller öýüniň aňtaw komitetlerine, olaryň Orsýet boýunça alyp barýan derňewleri bilen bagly dokumentleri beripdir.

Agzalýan dokumentleriň prezidentiň ogly Donald Tramp kiçi bilen orsýetli aklawçynyň 2016-njy ýylyň iýun aýynda geçiren duşuşygynda Manafortyň alan belliklerini öz içine alýandygy habar berilýär.

Habarlarda Tramp kiçiniň elektron hatlarynyň ýygnagyň Klintona zyýan ýetirip biljek maglumatlary maslahatlaşmak üçin meýilleşdirilendigini görkezýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG