Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň abraýly oppozisiýa lideri Statkewiç altynjy gezek tussag edildi


Mikalaý Statkewiç sowet repressiýalarynyň pidalaryny ýatlamak boýunça aksiýa gatnaşýar, Minsk, 29-njy oktýabr, 2017.
Mikalaý Statkewiç sowet repressiýalarynyň pidalaryny ýatlamak boýunça aksiýa gatnaşýar, Minsk, 29-njy oktýabr, 2017.

Belarusyň abraýly oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiç Minskde tussag edildi. Bu barada onuň aýaly habar berdi.

Maryna Adamowiçiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Statkewiç 30-njy oktýabrda agşam öýüne barýarka tussag edilipdir. Maryna Adamowiçiň sözlerine görä, häkimiýetler oňa adamsynyň tussag edilmeginiň sebäplerini we nirede saklanýandygyny habar bermändir.

Statkewiçiň tussag edilmegi onuň Belarusyň KGB edarasynyň öňünde sowet repressiýalarynyň pidalaryny ýatlamak üçin geçirilen aksiýa gatnaşmagynyň yzýanyna gabat geldi. Statkewiç tussag edilen gününiň ertesi Kiýewe sapar edip, Ýewropa Parlamentiniň we Ukrainanyň, Moldowanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň parlamentleriniň bilelikde geçirýän forumynda çykyş etmegi planlaşdyrýardy.

Mikalaý Statkewiç 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri altynjy gezek tussag edilýär. Ol soňky 10 aýyň dowamynda 34 gününi tussaglykda geçirdi.

Statkewiç 2010-njy ýylyň saýlawlarynda prezidentlige dalaş edip, ýurdy 1994-nji ýyldan bäri dolandyrýan Alýaksandr Lukaşenka bäsdeş boldy.

XS
SM
MD
LG