ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Nýu Ýorkda 31-nji oktýabrda sekiz adamyň ölümine sebäp bolan we “terrorçylyk akty” diýlip atlandyrylan hüjümiň yzýany hüjümçi bolmakda güman edilip, Özbegistanyň raýatynyň tussag edilmeginiň yzýany migrantlary “has berk barlamagy” tabşyrdy.
Nýu Ýorkyň merkezinde awtoulagyň ulanylmagynda amala aşyrlan bu hüjüm 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrda bolan terrorçylyk aktlaryndan soňky adam pidaly ilkinji hüjüm boldy.
“Men ýurduň milli howpsuzlygyna adatdan daşary barlag programmasyna başlamagy tabşyrdym” diýip Tramp aýtdy.
Polisiýanyň çeşmeleri hüjümçi bolmakda güman edilýän adamyň 29 ýaşly özbegistanly Saýfullo Habibullaýewiç Saipowdygy we onuň 2010-njy ýylda ABŞ bikanun barandygyny anyklady.