Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladene degişli 470 müň faýl aýan edildi


“Al-Kaýda” toparynyň esaslandyryjysy Osama bin Laden
“Al-Kaýda” toparynyň esaslandyryjysy Osama bin Laden

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Agentligi 2011-nji ýylda Osama bin Laden öldürilende, onuň kompýuterinden tapylan 470 müň töweregi faýly köpçülige aýan etdi.

Bu bin Laden bilen ilteşikli aýan edilen materiallaryň dördünji tapgyrydyr. Olar ilkinji gezek 2015-nji ýylyň maýynda köpçülige ýetirilipdi.

Merkezi Aňtaw Agentligi faýllaryň arasynda bin Ladeniň şahsy žurnalynyň, 18 müň dokumentiň, 79 müň audio we surat, şeýle-de 10 müň töweregi wideo maglumatlaryň bardygyny mälim etdi.

“Al-Kaýda” toparynyň esaslandyryjysy Osama bin Laden 2011-nji ýylyň 2-nji maýynda, Pakistanyň Abbottabad şäherinde ABŞ-nyň ýörite güýçleri tarapyndan öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG