Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň dükanlarynda agyz we gazly suwlar gymmatlady


Aşgabat (Illýustrasiýa)
Aşgabat (Illýustrasiýa)

Türkmenistanyň dükanlarynda, şol sanda döwlet dükanlarynda, ýurduň özünde we daşary ýurtlarda öndürilen arassa we gazly suwlar gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, paýtagtyň dükanlarynda “Akdaş” atly agyz suwunyň öň 1-1.2 manatdan satylan ýarym litrlik çüýşesiniň bahasy şu günler 2 -2.2 manada ýetipdir. Şeýle-de, gazly “Coca-cola” içgisiniň bir litri öň üç manada duran bolsa, indi onuň bahasy döwlet dükanlarynda 4 manada, hususy dükanlarda 5 manada çenli ýokarlanypdyr.

“Öň “Coca-cola” öz önüminiň bahasyna gözegçilik edýärdi, onuň önümlerini özi tarapyndan kesgitlenen bahadan ýokary satyp bolmaýardy. Emma häzir gözegçilik ýok. “Coca-cola” öz önümçiligi üçin, ähli çig malyny daşary ýurt walýutasyna ýurduň daşyndan getirýär. Häzirki wagtda manadyň dollara bolan öwrülişiginiň togtadylmagy sebäpli, olar hem öz önüminiň bahasyny galdyrýarlar. Ýerli öndürijiler hem şuňa meňzeş ýagdaýda, emma olaryň manady daşary ýurt walýutasyna öwürmek mümkinçilikleri hasam çäkli” diýip, ýagdaýdan ygtybarly çeşmämiz aýdýar.

Türkmenistanda “Coca-cola” önümleriniň bahasy kompaniýanyň resmi websaýtynda görkezilmändir. Bahalaryň üýtgemegine degişli maglumaty kompaniýanyň özünden anyklaşdyrmak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Türkmenistanda agyz suwunyň bahasynyň galmagyna degişli ýagdaý bilen baglylykda ýurtda suw öndürýän ýerli kärhanalardan hem maglumat alyp bolmady.

Şeýle-de, şu günler Aşgabatda esasy azyk önümleriniň käbiri üçin nobatlarynyň döräp başlandygy habar berilýär. Şu günler, hususan-da, döwlet dükanlarynda ösümlik ýagyny satyn almak isleýänleriň nobata durmagynyň göze ilýändigini, şonuň ýaly-da ilatyň döwlet bahasyndan satylýan bu önümiň gapdalyndan, başga harytlary hem mejbury satyn almaly bolýandygyny aşgabatly söhbetdeşlerimiz aýdýarlar.

“Her gün “Ahalýag” ýagyny satyn almak isleýänleriň nobatlary bar. Adamlar ony döwlet bahasyndan satyn alýarlar, emma onuň ýanyndan esasan geçmeýän harytlary ýa-da möhleti geçip barýan önümleri hem satyn almaga mejbur bolýarlar. Şeýlelikde, arzan diýlip alynýan ýagyň bahasy hususy dükanlardakydan hem has gymmat bolup çykýar” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Türkmenistanly synçylar agyz suwuň we azyk önümleriniň gymmatlamagynyň sebäbini telekeçileriň milli pul manady daşary ýurt walýutasyna öwürmekde kynçylyk çekmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Käbir maglumatlara görä, häzriki wagtda ýerli öndürijiler üçin, türkmen manadyny döwlet kursy boýunça daşary ýurt walýutasyna öwürmek elýeterli däl.

Türkmenistanda ýaňy-ýakynda geçirilen we dürli maglumatlara görä, 10-15 milliard amerikan dollara duran “Aşgabat - 2017” oýunlaryň yzýany ýurtda azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlandygy, manadyň hümmetiniň gowşandygy barada habar gowuşýar. Türkmenistanda şu aýyň başynda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy rekord derejesinde ýokarlanyp, 1 amerikan dollary 9 manada ýetdi.

XS
SM
MD
LG