Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Polisiýa hökümete garşy ýörişlerde 263 adamy tussag etdi


Moskwada Russiýanyň polisiýasy protestçileri tussag edýär. 5-nji noýabr, 2017 ý.
Moskwada Russiýanyň polisiýasy protestçileri tussag edýär. 5-nji noýabr, 2017 ý.

Rus häkimiýetleri Russiýanyň Milli bitewilik gününe gabatlanyp, Moskwanyň merkezinde geçirilen hökümete garşy ýörişde 260-dan gowrak adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi 5-nji noýabrda geçirilen rugsat berilmedik demonstrasiýalarda polisiýanyň 263 adamy tussag edendigini mälim etdi.

“TASS” habar agentligi ýurduň kanun goraýjy organyndaky anonim bir resmä salgylanyp, tussag edilmeleriň Kremliň diwarlarynyň we onuň gapdalyndaky Döwlet Dumasynyň kiçi öýüniň golaýyndaky Manež meýdançasynda bolandygyny habar berdi.

Tussag edilenleriň köpüsiniň ýanynda pyçak, kastet we rezin ok atýan sapançalar bardy diýip, çeşme aýdýar.

Polisiýa Kremliň golaýyndaky protestçileri ýekeme-ýeke tussag etdi diýip, AFP habar gullugynyň suratçysy aýdýar.

XS
SM
MD
LG