Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Oppozision syýasatçy Aida Salyanowanyň dogany öli tapyldy


Ulan Salyanowyň öýi, Gyrgyzystan
Ulan Salyanowyň öýi, Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň öňki baş prokurory we oppozision syýasatçy Aida Salyanowanyň erkek dogany Bişkekdäki öýünde öli tapyldy.

Içeri işler ministrliginiň 6-njy noýabrda aýtmagyna görä, ýüzi nikaply ençeme adam gije 42 ýaşly Ulan Salyanowyň öýüne baryp, ony atyp öldüripdir. Ministrlik Salyanowyň janyna kast edilmeginiň syýasy sebäplerini aradan aýyrdy we derňewiň başlanandygyny aýtdy.

Bu hadysa Bişkegiň sudunyň Aida Salyanowany wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyp, ony bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etmeginden bir aý geçensoň ýüze çykdy. Suduň karary Aida Salyanowanyň iki ýaşly gyzy 14 ýaşaýança yza tesdirildi.

“Ata-Meken” oppozision partiýasynyň baş agzasy Aida Salyanowa özüne garşy gozgalan işi ret edip, ony syýasy matlaply atlandyrýar.

Häkimiýetler Salyanowa garşy derňewleri mart aýynda başlady. Fewral aýynda “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Ömürbek Tekebaýew tussag edildi. Partiýa Tekebaýewi 15-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlary üçin dalaşgär hökmünde yglan edipdi.

Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlarynda Almazbek Atambaýewe açyk goldaw bildirýän Sosial-demokratik partiýasynyň dalaşgäri öňki premýer-ministr Sooronbaý Jeenbekow ýeňiş gazandy.

XS
SM
MD
LG