Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Phenýanyň ýadro programmasyny dünýä üçin “howp” diýip atlandyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasyny dünýä üçin “howp” diýip atlandyrdy we Phenýan üçin “strategiki çydamlylyk erasynyň” tamamlanandygyny aýtdy.

6-njy noýabrda Tokioda Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen geçiren gepleşiginiň yzýany Tramp iki ýurduň Kim Ýong Unyň Demirgazyk Koreýasynyň “howply agressiýasyna” garşy durmak ugrunda işleşýändigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy “siwilizlenen dünýä we halkara parahatçylygy we durnuklylygy üçin howpdur” diýip, Tramp Abe bilen bilelikde geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Tokionyň Trampyň pozisiýasyny goldaýandygyny we Demirgazyk Koreýa babatynda gün tertibinde “ähli mümkinçiliklere” garalýandygyny aýtdy. Abe iki ýurduň bu mesele dogrusynda “100 prosent” biledigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy we ABŞ-nyň Ýaponiýa bilen söwda gatnaşyklary Trampyň bäş ýurda edýän 12 günlük saparynyň üns merkezindäki esasy meseleleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de Tramp Günorta Koreýa, Hytaýa, Wýetnama we Filipin adalaryna sapar eder.

10-11-nji noýabrda Wýetnamda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk forumynda Trampyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG