ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny ABŞ-yň niýetini synamazlyga çagyrdy we dünýäniň “ýadro betbagtçylygy bilen haýbat atýan ýakymsyz režime çydam edip bilmejegini” duýdurdy.
Günorta Koreýanyň parlamentinde 8-nji noýabrda eden çykyşynda Tramp Phenýanyň döredýän ýadro programmasy “sizi howpsuz etmeýär, ol sizi uly howp astyna salýar” diýdi.
“Bize kembaha garamaň we bizi synamaň” diýip, Tramp ýiti agyr sözler bilen Demirgazyk Koreýa ýüzlendi .
Tramp özüniň dürli ugurlar boýunça eden ýüzlenmesinde Kimiň ýowuz hökmürowanlygyny zalym, despotik režim häsiýetlendirip, Phenýany adam hukuklaryny gözgyny kemsitmekde aýyplady we dünýäniň beýleki ýurtlaryny Demirgazyk Koreýa “goldawdan we üpjünçilikden” ýüz öwürmek arkaly ony ykrar etmän, çetleşdirmäge çagyrdy.
“Biz amerikan şäherlerine betbatgçylyk haýbatynyň atylmagyna rugsat bermeris. Biz gorkmarys!” diýip, Tramp Günorta Koreýaly kanun çykaryjylara ýüzlendi. “Şeýle-de, biz bu ýerleriň goragynda söweşip jan berdik. Bu ýerde adamzat taryhyndaky iň agyr heläkçiligiň gaýtalanmagyna ýol bermeris” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp Kimiň režimine garşy agyr sözler aýtsa-da, Demirgazyk Koreýa ballistik raketalary öndürmegini bes edip, “ýadro ýaragyndan doly el çeken ýagdaýynda” ýurt üçin “has gowy geljege ýol görkezmegi” wada berdi. Şeýle-de, Tramp “doly, anyk hem-de gutarnykly ýadro ýaragsyzlandyryş prosesi” bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.
Tramp çykyş edýän wagty Birleşen Ştatlaryň üç sany uçar daşaýan gämisi harby-tälim türgenleşik geçirmek üçin, Ýuwaş ummanynyň günbataryna barypdy.
Günüň dowamynda agyr howa şertleri Trampyň Demirgazyk hem-de Günorta Koreýanyň serhedindäki Harby bolmadyk zona (DMZ) etmeli garaşylmadyk saparyna päsgelçilik döretdi. Ak tam prezidentiň Harby bolmadyk zona edip bilmedik sapary sebäpli “gaty gynanandygyny” aýtdy.
Soňra Tramp özüniň Aziýa edýän giň gerimli saparynyň dowamynda Hytaýa bardy. ABŞ-ly resmiler Trampyň Hytaýda, Demirgazyk Koreýanyň esasy hyzmatdaşy we söwda partnýory bolan göwünli-göwünsiz Pekini Kimiň ýadro hyjuwlaryndan el çekdirmek üçin has köp basyş etmäge çalyşjakdygyny aýdýarlar.
Tramp Pekine baransoň, ýagny 8-nji noýabrda Ak tamyň ýokary derejeli bir resmisi Trampyň Hytaýyň prezidenti Si Jingpingden Demirgazyk Koreýa bilen maliýe gatnaşyklary kesmegi we BMG-niň Phenýana garşy girizen sanksiýalarynyň talaplaryny berjaý etmegi sorajakdygyny aýtdy.
Tramp 10-njy noýabrda “Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk” sammitinde söz sözlemek üçin, Wetnama sapar etmezinden ozal Pekinde iki gije galar.
21 döwletiň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem 10-njy noýabrda çykyş eder diýlipdi, ýöne onuň çykyşynyň ýatyrylandygy habar berilýär.
Muňa garamazdan, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 8-nji noýabrda Putiniň Tramp bilen sammitiň gapdalynda duşuşmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Lawrow Putiniň Tramp bilen geçirjek gepleşiginiň gün tertibinde “iki taraplaýyn gatnaşyklar”, şeýle-de “halkara gatnaşyklary, Siriýa, Demirgazyk Koreýa we Ukraina bar” diýdi.