Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň Owganystanda goşunyny artdyrmak kararyna garaşylýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ç) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (s), Brussel, 8-nji noýabr, 2017
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis (ç) we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (s), Brussel, 8-nji noýabr, 2017

NATO-nyň goranmak ministrleriniň 9-njy noýabrda geçirýän duşuşygynda Owganystanyň hökümetiniň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek üçin bu ýurtdaky goşunynyň sanyny 13 müňden 16 müňe çenli artdyrmak barada karar etmegine garaşylýar.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg duşuşygyň öňýanynda eden çykyşynda täze goşunlaryň söweş roluna eýe bolmajagyny, emma olaryň NATO-nyň Aýgytly ýardam atly “türgenleşdiriji, geňeşiji we goldawçy” missiýasynyň düzümine girjegini, şeýle-de olaryň ýarysy çemesiniň Birleşen Ştatlaryň harbylaryndan düzüljegini mälim etdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp awgust aýynda täze owgan strategiýasyny yglan etdi.

Sentýabr aýynda goranmak sekretary Jim Mattis 3000-den gowrak goşmaça harbylaryň Owganystanda ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

ABŞ, NATO we beýleki partnýorlar häzirki wagtda Owganystanda 100 müňden gowrak harbysyny saklaýarlar, emma NATO-nyň 2014-nji ýylda harby operasiýalaryny togtatmagyndan soň “Talyban” we beýleki gozgalaňçylar öz hüjümlerini ýaýbaňlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG