Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň bäş döwleti özara hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekdi


Türkmen DIM-niň başlygy Reşid Meredow gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen görüşýär. Arhiw suraty.
Türkmen DIM-niň başlygy Reşid Meredow gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen görüşýär. Arhiw suraty.

Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri 2018-19-njy ýyllarda özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky progrmma gol çekdiler.

Gazagystanyň daşary işler ministrligi bu dokumente Özbegistanyň Samarkant şäherinde, ministrler derejesinde ýylda geçirilýän 13-nji ÝB-Merkezi Aziýa duşuşygynda, 10-njy noýabrda gol çekilendigini aýtdy.

Bu dokument sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmak, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, inwestisiýa, transport, energiýa, syýahatçylyk, medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikde edilmeli tagallalary kesgitleýär.

Şeýle-de ministrler BMG, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, ÝHHG we beýlekiler ýaly halkara aktiwlikleriniň we halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG