Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow Ministler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde kapitalyň we emlägiň amnistiýasyny geçirmek boýunça kanunçylyk aktlarynyň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.
TDH döwlet habar gullugy bu çäräniň milli ykdysadyýete goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge ýardam etjekdigini belleýär.
Prezident Berdimuhamedow “şahsy taraplaryň maýasyny we emlägini aýawly saklamagyň, olaryň bähbidini goramagyň hukuk kepilliklerini üpjün etmegiň möhümdigini belledi” diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistan nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy we ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryna edilen uly harajatlar bilen baglylykda garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär.
Şol bir wagtda synçylar ýurtda dürli ýollar bilen baýan adamlaryň başardyklaryndan öz emläklerini daşary ýurtlara çykarandyklaryny ýa-da banklarda däl-de, esasan öýlerinde gizläp saklamaga ýykgyn edýändiklerini aýdýarlar.