Sepleriň elýeterliligi

Mihail Saakaşwiliniň tarapdarlary Kiýewde protest bildirýär


Ukrain parlamentiniň ýanyndaky ýygnanyşyk. Kiýew, 7-nji noýabr, 2017.

Mihail Saakaşwili tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Täze güýçler hereketi” atly syýasy partiýanyň tarapdarlary 12-nji noýabrda reformalara çagyrmak üçin merkezi Kiýewde toplandylar.

Ýüzlerçe adam 12-nji noýabrda Mihaýlowskaýa skwerine toplandy, olaryň käbiri ukrain baýdaklaryny, beýlekileri gyzyl-gara we patiýa şygarlaryny galdyrdy.

Demonstrasiýaçylar protestçiler tarapyndan parlament binasynyň daşynda dikilen çadyrlara tarap ýöriş geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Polisiýa, “mümkin bolan prowakisýalara we kanun bozulmalaryna ýol bermezlik üçin”, kanun goraýjylaryň demonstrantlary ugratjakdyklaryny aýtdy.

Protestçiler 17-nji oktýabrda Werhownaýa Rada binasynyň daş işiginde çadyrlaryny dikip, parlament eldegrilmesizliginiň ýatyrylmagyny, korrupsiýa garşy suduň döredilmegini, saýlaw kanunlaryna düzedişleriň girizilmegini, prezidenti iş başyndan aýyrmak üçin kanunçylygyň bolmagyny talap edýärler.

XS
SM
MD
LG