Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmileri 'Talybanyň' azyndan 30 howpsuzlyk işgärini öldürendigini aýdýarlar


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri hüjüme sezewar edilen barlag-geçiş nokadyna gözegçilik edýärler, Helmand welaýatynyň Greşk etraby, 14-nji iýun, 2017

Owganystanyň resmileri “Talybanyň” söweşijileriniň ýurduň günorta we günbatar böleklerinde onlarça howpsuzlyk postuna hüjüm edip, ýerli howpsuzlyk işgärleriniň azyndan 30 agzasyny öldürendigini aýtdylar.

Günorta Kandahar welaýatynda polisiýanyň metbugat-wekili Matiullah Helalyň 14-nji noýabrda aýtmagyna görä, söweşijileriň Maýwand we Zhari etraplarynda 15 sany howpsuzlyk postuna eden hüjüminiň netijesinde 22 sany polisiýa wekili wepat bolupdyr we ýene 15-si ýaralanypdyr.

Helal 45 söweşijiniň öldürlendigini we 35 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Kandaharyň Nawaý etrabynyň häkimi Sarajuddin Sarhadi öz etrabyndaky barlag-geçiş nokatlarynda bäş polisiýa ofiseriniň öldürlendigini aýtdy.

Farah etrabynyň resmileri “Talybanyň” aýra-başga hüjümlerinde Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan üç agzasynyň we üç parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny habar berdiler.

“Talybanyň” metbugat-wekili Kari Ýousuf Ahmadi toparyň regionlaryň ikisinde bolan hüjümlere jogapkärdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG