Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýer-ministri Orsýetiň Günbatarda agzalalyk döretmek tagallalary başa barmady diýdi


Britaniýanyň premýer-ministri Theresa Maý, London, 14-nji noýabr, 2017
Britaniýanyň premýer-ministri Theresa Maý, London, 14-nji noýabr, 2017

Orsýetiň Günbatarda agzalylyk döretmek boýunça tagallalary başa barman, günbatarly ýaranlaryň Moskwanyň goşulyşmagyna garşy durmak ugrunda bile işlemegine itergi berdi diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Theresa Maý aýtdy.

13-nji noýabrda agşam Londonda geçirilen Lordlaryň baş ýygnagynda eden çykyşynda Maý Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagy we Ýewropada hem Birleşen Ştatlarda geçiren kiber hüjümleri arkaly “maglumaty ýarag hökmünde” ulanmak synanyşygy ýaly hereketleri bilen “halkara tertibine” haýbat atýandygyny belledi.

Moskwa “döwlet tarapyndan dolandyrylýan media guramalary döredip, galp maglumatlary we suratlary ýaýratmak arkaly Günbatarda agzalalygy döretmek we biziň institutlarymyzyň ähmiýetini gaçyrmak isleýär” diýip Maý aýtdy.

Maýiň Kremliň adyna eden bu ýiti çykyşy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň geçen dynç günlerinde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adyna eden dostlukly sözlerine ters geldi. Tramp Putiniň aňtaw agentlikleriniň aýdyşyndan tapawutlylykda Birleşen Ştatlaryň geçen ýylky prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň goşulyşmandygyny özüne aýdandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG