Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň oppozisiýa lideri Babanow parlament toparynyň başyndan çekildi


Omurbek Babanow
Omurbek Babanow

Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlarynda ikinji ýerde bolan we tertipsizlige çagyrmak aýyplamasynyň esasynda derňew astyna alnan oppozisiýa lideri Omurbek Babanow Respublika - Ata Jurt partiýalarynyň parlamentdäki fraksiýasynyň başyndan çekildi.

Fraksiýanyň agzasy kanun çykaryjy Aliýarbek Abjaliewiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Babanowyň wezipesinden çekilýändigi hakyndaky arzasy 13-nji noýabrda fraksiýanyň duşuşygynda maslahat edilipdir.

Abjaliew fraksiýanyň täze lideriniň tiz wagtda saýlanjagyny aýtdy.

Babanow 15-nji oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 33% toplamagy başardy.

4-nji noýabrda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy Babanowyň “etnik, jynsy we dini ýigrenji döretmek” synanyşygy we “konstitusion tertip-düzgüni zorluk bilen üýtgetmäge köpçüligiň öňünde çagyrmagy” boýunça derňewi başlady.

Saýlawlaryň yzýany Babanow ýurdy terk etdi. Onuň häzirki wagtda nirededigi nämälim galýar. Babanowyň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşmagy iki goňşy ýurduň arasynda gapma-garşylyk döretdi.

XS
SM
MD
LG