Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýer-ministri Orsýetiň Günbatarda agzalalyk döretmek tagallalary başa barmady diýdi


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý

Britaniýanyň premýer-ministri Orsýetiň Günbatarda agzalalyk döretmek barada edýän tagallalary başa barman, tersine günbatarly ýaranlaryň Moskwanyň ara goşulmagyna garşy durmakda bile işleşmegini güýçlendirdi diýýär.

Tereza Maý 13-nji noýabrda Londonyň Lord meriniň ýyllyk banketinde eden çykyşynda, Orsýetiň soňky döwürlerde eden işleriniň sanawyna salgylanyp, olaryň “halkara düzgünine howp salýandygyny” aýtdy. Ol şol hatarda Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny özüne bikanun birikdirmegine we Ýewropada hem-de Birleşen Ştatlarda kiber hüjümlerini amala aşyrmak bilen “maglumatlary ýarag edinmek” boýunça edýän synanyşyklaryna salgylandy.

Moskwa “galp maglumatlary we ýasama suratlary ýaýradyp, Günbatarda agzalalyk döretmek we biziň institusiýalarymyzy güýçden düşürmek üçin, döwlet tarapyndan ýöredilýän media guramalaryndan peýdalanýar” diýip, Maý aýtdy.

Ol soňra hem: “Meniň Moskwa göni aýtjak bir zadym bar. Biz siziň näme edýäniňizi bilýäris. Siziň bu işleriňiz başa barmaz” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Maý Orsýete gönükdirip: “Siz biziň demokratiýalarymyzyň özüni dürsemäge ukyplydygyna, erkin we açyk jemgyýetleriň özüne çekijiligine, günbatarly milletleriň birek-biregi özara birikdirýän ýaranlyga ygrarlydygyna kembaha garaýarsyňyz” diýdi.

Maýiň Kremli nyşana alyp, eden bu ýiti çykyşy Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň geçen hepdäniň soňunda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin barada eden dostlukly belliklerine ters gelýär. Tramp Putiniň, Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň aýdyşyndan tapawutlylykda, geçen ýylky prezident saýlawlaryna Orsýetiň garyşmandygyny özüne aýdandygyny bildiripdi.

Ýewropa Bileleşiginden çykmak boýunça häzir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz duran Britaniýanyň aňtaw gulluklary öten ýylky geçen referenduma, Orsýetiň garyşyp-garyşmandygy barada derňew işlerini alyp barýarlar. Maý bu eden çykyşynda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşygyny nygtamaga synanyşdy.

Ol London NATO ýaranlygy we beýleki baglanyşyklar arkaly “Orsýetiň işjeňligine garşylyk görkezmek barada zerur çäreleri görer, Britaniýa Ýewropanyň howpsuzlygyny goramak boýunça öz borçlaryny hiç bir şert goýmazdan ýerine ýetirer” diýdi.

Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden çyksa-da, “biziň isleýän hemmetaraplaýyn täze ykdysady ýaranlygymyz açyk ykdysadyýetlere we erkin jemgyýetlere bolan umumy borjumyzy güýçlendirer” diýip, Maý aýtdy.

Ol şeýle hem kiber howpsuzlygyny güýçlendirmegi we orsýetli oligarhlaryň Britaniýada maýa goýmak bilen gazanýan “korrupsiýa peýdalaryny” togtatmak üçin maliýe düzgünlerini ýitileşdirmegi wada etdi.

Maýiň aýtmagyna görä, Britaniýa şol bir wagtda Orsýet bilen gatnaşykda bolmaly. Ol daşary işler ministri Boris Jonsonyň öňümizdäki aýlarda Moskwa sapar etjekdigini aýtdy.

Ol: “Biz Sowuk urşa dolanmakçy ýa hemişelik konfrontasiýa ýagdaýynda bolmakçy däl” diýdi. Maý soňra hem “başga ýol” bar diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Britaniýanyň premýer-ministri: “Bu ýerde biziň köpimiz post-sowet Orsýete umytly garapdyk ... Sebäbi biz güýçli, gülläp ösýän we oýun düzgünlerine bagly Orsýetiň Britaniýanyň, Ýewropanyň we dünýäniň bähbidinedigini bilýäris” diýdi.

“Orsýet bir gün bu tapawutly ýoly tutup biler, men tutar diýip, umyt edýärin. Ýöne Orsýet muny edýänçä, biz öz bähbitlerimizi we olara esas bolup hyzmat edýän halkara düzgünlerini goramak boýunça bilelikde iş alyp bararys”.

XS
SM
MD
LG