Sepleriň elýeterliligi

MTS Türkmenistandaky hyzmatlarynyň ýatyrylmagy netijesinde $18,3 million ‘zyýan çekdi’


MTS Türkmenistandaky hyzmatlarynyň ýatyrylmagy netijesinde $18,3 million möçberinde zyýan çekendigini aýdýar.

Russiýanyň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny bes etmegi bilen bu ýurtdaky aktiwleriniň hümmetiniň gaçmagy sebäpli çeken zyýanyny kesgitläp, munuň 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginde 1,1 milliard rubl, ýagny 18,3 million amerikan dollary möçberinde bolandygyny aýtdy diýip, “Interfaks” neşiri kompaniýanyň prezidenti Andreý Dubowskowa salgylanyp habar berýär.

“Biz 1,1 milliard rubl möçberinde pul serişdesini ätiýaçlyk üçin kesgitledik. Eger biz bu ýurtdan hakykatdanam doly görnüşinde çyksak, onda bu pul serişdesiniň möçberi soňy bilen takyklaşdyrylyp bilner. Bu ätiýaçlyk serişdesi aktiwleriň hümmetiniň gaçan halaty üçin göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Türkmenistandaky aktiwleriň bahasynyň 50 prosent çemesini emele getirýär” diýip, Dubowskow aýtdy.

Ýatlap geçsek, 29-njy sentýabrda MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. Şol güni irden “MTS-iň” paýtagt Aşgabatdaky müşderileriniň interneti öçürilen bolsa, günüň dowamynda MTS-iň Türkmenistandaky ähli hyzmatlarynyň kesilendigi mälim boldy.

14-nji noýabrda MTS-iň daşary ýurtdaky kompaniýalarynyň wise-prezidenti Andreý Smelkowyň “Interfaksa” beren maglumatyna görä, muňa Türkmenistanyň “Türkmentelekom” döwlet kärhanasynyň kompaniýanyň ýurtda alyp barýan işini dowam etdirmek baradaky ylalaşygynyň wagt möhletini uzaltmazlygy sebäp boldy. Ol munuň netijesinde, “MTS-Türkmenistanyň” halkara we şäherara jaňlarynyň, şeýle-de internet hyzmatlarynyň kesilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Mundanam başga, Smelkow: “Häzirki wagt MTS kompaniýasynyň türkmen tarapy bilen gepleşikler tapgyrynda bolup, ýagny biz bu mesele tamamlanmady diýip hasap edýäris. Biziň öz hukuklarymyzy halkara sudlarynda goramak hukugyndan peýdalanmaga hakymyz bar. Biznesi doly ret etmek barada gürrüň edilmeýär” diýdi.

Şu ýylyň iýul aýynyň aýagynda, Russiýanyň MTS kompaniýasy özüniň Türkmenistanda işlemeginiň şertleri boýunça, türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini habar beripdi. Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işine degişli öz planlaryny henize çenli resmi taýdan mälim etmän gelýärler.

Ýatladyp geçsek, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemeginiň bes edilmegine degişli tejribeler öňem bolupdy.

MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şol pursat, MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

Mundan soň, ýagny 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini aýtdy. Şonda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň hem ýatyrylandygy mälim edilipdi.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky müşderileriniň sanyny 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde 1 million 700 müň diýip kesgitledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG