Sepleriň elýeterliligi

Zimbabwe: Ilçileriň prezident Mugabe bilen duşuşmagyna garaşylýar


Zimbabweniň paýtagty Harare, 15-nji noýabr, 2017

Zimbabweniň paýtagty Harareniň harbylaryň gözegçiligine geçmeginiň yzýany ýurtda 16-njy noýabrda dartgynlylyk güýçlendi. Harbylar öz hereketleriniň prezident Robert Mugabeniň daşyndaky “jenaýatçylara” garşy gönükdirilendigini aýtdylar.

Reuters agentliginiň Hararedäki habarçysy ýagdaýy “harby agdarylyşyk bolmagy ähtimal” diýip häsiýetlendirdi, emma ol harby operasiýalaryň netijesinde 93 ýaşly Mugabeniň 40 ýyla golaý wagtlyk häkimiýetiniň soňuna çykylyp-çykylmazlygynyň nämälim galýandygyny belledi.

Zimbabweniň harby resmileri Mugabeni 14-nji noýabrda köşgünde gabadylar, şol bir wagtyň özünde-de esgerler paýtagtyň ençeme ýerini we döwlet telewideniýesini öz gözegçiligine aldylar.

Günorta Afrikanyň media maglumatlaryna görä, Günorta Afrikanyň goranmak we döwlet howpsuzlygy ministrleri prezident Jakob Zumanyň ýolbaşçylygynda 15-nji noýabrda Harare barypdyr. Olaryň 16-njy noýabrda prezident Robert Mugabe we Zimbabweniň harby liderleri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýandygy aýdylýär.

Zimbabweniň daşynda rak keselinden bejergi alýan oppozisiýa lideri Morgan Tswangirai hem 15-nji noýabrda agşam ýurduna dolandy.

XS
SM
MD
LG