Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zimbaweliler Mugabäni işden çekilmäge çagyrdy


Zimbabwäniň harbylary 15-nji noýabrda häkimiýeti ele geçirdi.
Zimbabwäniň harbylary 15-nji noýabrda häkimiýeti ele geçirdi.

Zimbabwäniň paýtagtynda şu hepdäniň başynda häkimiýeti ele geçiren harbylara goldaw bermek we prezident Robert Mugabäni işden çekilmäge çagyrmak üçin on müňlerçe adam demonstrasiýa çykdy.

Demonstrasiýaçylaryň käbiri Zimbabwäniň baýdagyndan köýnek geýip gelse, beýlekileri “Mugabe Zimbabwäni terk etmeli”, “Bob seniň daýyň däl” diýen şygarlary göterip geldi.

Goşun demonstrasiýa geçirilmegine rugsat berdi, ýöne onuň parahatçylykly bolup galmagyna çagyrdy.

Zimbabwäniň harbylary 15-nji noýabrda gan dökmezden agdarylyşyk geçirip, 93 ýaşyndaky Mugabäni öý tussaglygyna aldy, onuň ýaranlarynyň käbiri tussag edildi. Mugabä tas 40 ýyla golaý häkimiýet başynda boldy.

Ýyllara çeken ykdysady kynçylyklarda we adam hukuklarynyň bozulmalaryndan soň, zimbawelileriň köpüsi harbylaryň gören çäresini oňlady.

XS
SM
MD
LG