Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz polisiýasy öňki sowet respublikalaryndan 26 adamy talaňçylyk üçin tussag etdi


Fransuz polisiýasy. Arhiw suratyу

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi öňki sowet respublikalaryndan bolan 26 adamyň Parižde talaňçylyk, zor bilen pul almak we jenaýat toparynyň agzasy bolmak aýyplamalarynda tussag edilendigini aýdýar.

17-nji noýabrdaky beýanatda aýdylmagyna görä, güman edilýänler “Fransiýada hereket edýän jenaýat toparynyň agzalary” bolup durýar. Olar fransuz polisiýasy bilen Gürjüstanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň resmileriniň bilelikdäki tagallalary esasynda tussag edilipdir.

Kanun goraýjy resmiler güman edilýänler tussag edilende uly möçberdäki nagt pullary, tüpeňleri, maskalary, galp dokumentleri, ogurlanan maşynlary we gapylaryň gulplaryny açýan enjamlary ele saldylar.

Tussag edilenleriň arasynda Gürjüstandan bäş sany “jenaýat başlygy” we alty sany aýal bar, olar Pariždäki we onuň golaýyndaky dükanlary, öýleri urup-ýarmak bilen meşgullanypdyr.

Beýanatda aýdylmagyna görä, güman edilýänler ogurlanan harytlary ýerlemek üçin ermeni raýatlary bilen ýaranlykda işläpdir.

XS
SM
MD
LG