Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili Ukrainanyň premýer-ministri bolmaga taýýardygyny aýtdy


Mihail Saakaşwili
Mihail Saakaşwili

Ukrainanyň Odessa regionynyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili Kiýewde geçirilýän protestlerde eden çykyşynda, özüniň “Ukrainanyň täze hökümetini gurmaga” we ýurduň premýer-ministri bolmaga taýýardygyny aýtdy.

Saakaşwili 19-njy noýabrda parlamentiň binasynyň öňünde protestçiler tarapyndan gurlan çadyr şäherçesine ýygnanan adamlara: “Ukraina täze hökümetiň gurulmagyna mätäçlik çekýär. Men bu prosese siz bilen bilelikde baştutanlyk etmäge we gerek bolan halatynda bu hökümete ýolbaşçy bolmaga taýýar” diýdi.

Ol soňra hem: “Geliň, Ukrainanyň täze hökümetini döredeliň, ýöne ilki bilen, Ukrainanyň aladasyny edýän, Ukrainany hormatlajak we ösdürjek adamlary taparys” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Hökümete garşy protestçiler 17-nji oktýabrda ýurduň parlamenti Werhownaýa Radanyň binasynyň öňünde çadyr şäherçesini gurdular. Olar parlamentçileriň eldegrilmezlik hukugynyň ýatyrylmagyny, korrupsiýa garşy göreş üçin ýörite kazyýetiň döredilmegini, saýlaw kanunlaryna düzedişleriň girizilmegini, şeýle hem prezidenti impiç etmäge mümkinçilik berýän kanunçylygy talap edýärler.

Halky owalbaşda protestlere çagyran prezident Petro Poroşenkonyň ozalky ýarany Mihail Saakaşwili bolupdy, ýöne soňra demonstrasiýalara Ukrainanyň oppozision liderleri-de goşuldylar.

“Täze güýçler hereketi” atly oppozision partiýa ýolbaşçylyk edýän Saakaşwili protestçilere häkimiýetler olaryň talaplaryny ýerine ýetirmän halatynda 3-nji dekabrdan başlap, Poroşenko, şeýle hem beýleki liderlere garşy “halk impiçmentine” başlamagy maslahat berdi.

“3-nji dekabr halk impiçmentiniň başlanan güni bolar. 3-nji dekabrdan bärde biz başlan işimizi dowam etdireris. 3-nji dekabr biziň hemmämiz üçin belli gün bolar. Geliň, guramaçylyk işlerini alyp baralyň. Men adamlary parahatçylykly ýygnamak üçin tutuş ýurda aýlanaýyn” diýip, Saakaşwili aýtdy.

Saakaşwili 2004-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Gürjüstanyň prezidenti bolup işledi. Gürjüstanda oňa häkimiýet başyndan aýrylanyndan soňra döwlet agdarylyşygyny gurnamga synanyşmakda günä bildirilýär. Ýöne Saakaşwili bu aýyplamalary ret edýär.

2015-nji ýylda Poroşenko Saakaşwilini Odessa regionynyň gubernatory edip belledi. Ol hem bu wezipä gelmek üçin, Gürjüstanyň raýatlygyndan çykdy.

2016-njy ýylda Saakaşwili Poroşenkonyň ýaranlarynyň özüniň reforma barada edýän tagallalaryny bökdeýändigini aýdyp, gubernatorlyk wezipesinden çekildi.

2017-nji ýylyň iýulynda Poroşenko ony ukrain raýatlygyndan çykardy. Saakaşwili şondan soňra watansyz şahsyýet hökmünde ýurdy terk etse-de, 10-nji sentýabrda häkimiýetlere boýun egmän, tarapdarlarynyň goldawy bilen Polşadan Ukraina girdi. Ol syýasy işlerini dowam etdirmegi wada edip, adamlary protestlere çagyrdy.

Poroşenko protestleri gurnaýanlaryň hakyky maksady Ukrainany durnuksyzlaşdyrmak diýýär.

Ýurduň baş prokurory Ýuriý Lutsenko hem Saakaşwili bilen onuň tarapdarlaryny daşary ýurtlardan maliýeleşdirilen döwlet agdarylyşyny planlaşdyrýanlykda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG