Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet günorta-gündogar Uraldan çykýan radioaktiw buludy anyklady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Orsýetiň Meteorologiýa gullugy sentýabryň aýagynda ýurduň käbir künjeklerinde “aşa ýokary” dykyzlykda Rudeniý-106 maddasynyň radioaktiw izotopynyň peýda bolandygyny tassyklady diýip, Agence France-Press agentligi 20-nji noýabrda habar berdi.

Şu aýyň başlarynda Ýewropanyň yklymyň üstünde düzüminde Ru-106 radioizotopy bolan buludyň peýda bolandygy barada ýaýradan hasabatyny Orsýet tassyklana çalym edýär. Şonda Ýewropanyň meteorologiýa gulluklary gürrüňi edilýän buludyň Gazagystandan ýa-da Orsýetiň günorta-gündogaryndaky Ural regionyndan gelen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdypdy.

“Argaýaş we Nowogorny gözegçilik stansiýalarynda 25-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda geçirilen radioaktiw aerozol, ýagny howada gaýýan radioaktiw jisimleriň barlaglarynyň netijesinde, olaryň düzüminden Ru-106 tapyldy” diýip, Orsýetiň “Rosgidromet” gullugynyň aýdandygyny AFP habar berdi.

AFP-niň habar bermegine görä, Orsýetiň howa maglumaty gullugy günorta Ural regionynda ýerleşýän Çelýabinskiniň Argaýaş obasyndaky gözegçilik stansiýasynda howanyň düzüminde örän ýokary dykyzlykda Ru-106 maddasynyň hasaba alnandygyny we munuň howanyň tebigy hapasynyň kadaly derejesinden 986 esse ýokary bolandygyny aýdypdyr.

Bu izotop Tatarystanda-da göze ildi, soňra Orsýetiň günorta böleginde we soňlugy bilen 29-njy sentýabrdan başlap Ýewropda ýerleşýän ähli ýurtlara – tä Italiýadan Ýewropanyň demirgazygyna çenli aralaşdy diýip, AFP “Rosgidrometi” sitirledi.

Çelýabinsk regionynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Ýewgeniý Sawçenko sentýabr aýynda radiasiýanyň howply derejeleri barada regional administrasiýa hiç hili resmi maglmatyň gelip gowuşmandygyny aýtdy.

“Haçan-da media Ru-106 buludy we nähilidir bir betbagtçylyk barada galagopluga düşüp başlansoň biz Orsýetiň Ýadro energiýa korporasiýasy Rosatomdan we Rosgidrometden düşündiriş soradyk” diýip, Sawçenko özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

Orsýetiň meteorologiýa agentligi howa hapalanmasynyň aýrtatyn sebäpleri barada hiç zat aýtmaýar diýip, AFP habar berýär.

Argaýaş stansiýasy 1957-nji ýylda adamzat taryhynda iň betbagtçylykly ýadro heläkçiliginiň ýüze çykan ýeri bolan Maýak ýadro desgasyndan, 30 km daşlykda ýerleşýär. Bu günki gün Maýakda ulanylan ýadro ýangyçlar täzeden işlenýär.

9-njy noýabrda Fransiýanyň Radiogorag we ýadro howpsuzlygy instituty 27-nji sentýabr bilen 13-nji oktýabr aralygynda Fransiýada howanyň düzüminde rudeniý-106 maddasynyň anyklanandygyny aýdyp, hasabat çap etdi.

Institutyň ýaýradan hasabatynda Wolga derýasy bilen Ural daglarynyň arasynda bir ýerde bolan awariýanyň howanyň hapalanmagyna sebäp bolan bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar. Şeýle-de onda, Ýewropada hasaba alnan konsentrasiýalaryň adamyň saglygyna howp salmaýandygy bellenilýär.

Rudeniý-106 reaktorda bölünen atomlaryň önümi bolup, ol kähalatlarda medisinada-da ulanylýar. Rudeniý-106 tebigy ýagdaýda döremeýär.

Ru-106-nyň ýüze çykmagyna haýsydyr bir reaktorda bolan heläkçilik sebäp bolan däldir, eger-de şeýle bolanynda onda buludyň düzüminde beýleki elementler hem göze ilerdi diýip, Fransiýadan ýaýradylan hasabatda aýdylýar.

Radioaktiw bulut barada Ýewropanyň ýaýradan hasabatyna jogap hökmünde Orsýetiň Ýadro energiýa kompaniýasy “Rosatom” oktýabryň ortalarynda beýanat çap etdi. Rus mediasynda sitirlenen beýanatda “25-nji sentýabr – 7-nji oktýabr aralygynda geçirilen howa barlaglarynda, şol sanda günorta Uraldan alnan analizlerde howanyň düzüminde rudeniý-106-a duş gelinmedi, ýöne Sankt Peterburgda beýle däl” diýilýär.

“Rosatom” fransuz agentliginiň hasabatyna beren jogabynda “Orsýetiň ýadro infrastrukturalarynyň ähli obýektleriniň töwereginde radiasiýanyň derejesi bolmalysy ýaly” diýilýär.

Ýöne “Rosatom” ýadro ýangyç sikli bilen bagly ýa-da radioaktiw materiallary öndürýän enjamlardan bölünip çykan jisimleriň radioaktiw buludyň döremegine getiren bolmagynyň ahmaldygyny mälim etdi

20-nji noýabrda “Greenpeace Russia” “Rosatomy” giňişleýin barlag geçirmäge we Maýakda bolan hadysalaryň netijelerini çap etmäge çagyrdy.

Guramanyň beýanatynda “Greenpeace ýadro hadysalarynyň ýaşyrylmagyna garşy prokurorlary iş gozgamaga çagyrýan hat ugradar” diýilýär.

XS
SM
MD
LG