Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar


Türkmenabat. Türkmen TW-siniň işgärleri resmi çäräni ýazgy edýär. Arhiw suraty
Türkmenabat. Türkmen TW-siniň işgärleri resmi çäräni ýazgy edýär. Arhiw suraty

Türkmenistanda söz, pikir aýtmak mümkinçiliginiň barha beter gysylmagy dowam edýar, golaýda Aşgabatda iki sany aktiwist zenana haýbat atyldy we azar berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch”, “Amnesty International” Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy we “Türkmen inisiatiwasy” guramalarynyň 21-nji noýabrda Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary türkmen hökümetini aktiwistleri ýanamagyny derhal bes etmäge hem-de olaryň öç alnaryndan gorky-ürküsiz pikirini aýdyp bilmegini üpjün etmäge çagrymaly” diýip, beýanatda aýdylýar.

14-nji noýabrda iki sany nätanyş erkek 68 ýaşyndaky garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň yzyna düşdi we ony gaýta-gaýta masgaralap, haýbat atdy. Şol günüň ertesi haýwan hukuklaryny goraýjy 52 ýaşly aktiwist, rus dilindäki sosial media ulgamy bolan Odnaklassniki.ru saýtynda tankydy pikirlerini aýdýan Galina Kuçerenka hem tussag etmek haýbaty atyldy.

“Hökümeti tankytlaýan adamlaryň soňky ýanalma we haýbat atylma faktlary Türkmenistanyň başgaça pikirlenmegi köki-damary bilen köwlemek babatda uzak wagt bäri edýän tagallalaryna ünsi çekýär” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Reýçel Denber aýtdy. “Bu hüjümleriň yzly-yzyna, ara bir gün salyp-salman gurnalmagy aktiwistlere garşy kampaniýanyň örän ýygjamladylandygyny görkezýär we bu haýal etmän bes edilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Soltan Açylowa 14-nji noýabrda Aşgabatda özüni azyndan iki erkegiň maşynly yzarlandygyny gürrüň berdi.

Şol gün ol ösümlik ýagynyň satylýan ýerinden surat alanda, ol adamlaryň biri oňa kamerasyny we kellesini daş bilen pytratmak haýbatyny atdy we onuň gaýdyp surat almazlygyny, öýüne gidip, daşary çykman oturmagyny talap etdi. “Ýogsa ölersiň” diýip, hüjümçi aýtdy.

Bu, megerem, žurnalistlik işini bes etdirmek üçin, Açylowa iýul aýyndan bäri atylan yzygiderli haýbatlaryň we beýleki ýanamalaryň soňkusy bolup durýar. Ol özüniň häkimiýetler tarapyndan hemişe gözegçilik astynda saklanylýandygyny aýdýar.

Soňky ýyllarda Açylowa we onuň Azatlyk radiosyndaky kärdeşlerine öz işleri üçin gaýta-gaýta haýbat atyldy, Açylowanyň öýündäki internet aragatnaşygy baglandy, el we öý telefony işlemez ýaly edildi.

Kuçerenko “Human Rights Watch” guramasyna polisiýa resmisiniň 15-nji noýabrda özüne telefon edip, polisiýa bölümine gelmegini talap edendigini gürrüň berdi. Polisiýa resmisi oňa başga bir tanaýan aktiwistiniň üstünden şikaýat edendigini, hamala özüni “haýsydyr bir amerikan” žurnalyna habar ibermäge mejbur etmekde aýyplaýandygyny aýdypdyr.

“Human Rights Watch” guramasy bu aktiwistiň ozal oktýabr aýynda polisiýa tarapyndan ýanaldygy barada maglumat aldy, munuň üstesine ol biraz soň Kuçerenka özüniň hiç hili şikaýat etmändigini aýtdy diýip, hukuk goraýjy guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Polisiýa resmisi telefon edeninden 15 minut soň Kuçerenkonyň öýüne dört sany erkek gelýär we olar onuň gapysyny kakyp, polisiýanyň çakylyk hatyna gol çekmegini talap edýärler we mundan boýun gaçyrmaga hakynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Kuçerenko gapyny açman, çakylyk hatyny gapyda goýup gitmeklerini soraýar we olar 25 minut durup, getiren kagyzlaryny gapyda goýup gidýärler.

Kuçerenko HRW guramasyna bu wakadan soň öz howpsuzlygyny alada edýändigini we öýden çykman oturandygyny habar berdi.

“Soňky aýlarda rus dilindäki sosial media ulgamynda çap eden tankydy pikirleri üçin öç alyp, türkmen häkimiýetleri Kuçerenkony gaýta-gaýta gorkuzmaga synandylar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Aşgabatda sentýabrda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasyndapolisiýa Kuçerenkonyň 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilinjekdigini duýdurdy, emma beýle jezanyň näme üçin beriljekdigini anyklaşdyrmady diýip, beýanatda bellenilýär.

Žurnalist Açylowa ýaly, Galina Kuçerenko hem raýat eşigindäki agentler tarapyndan gözegçilikde saklanylýar we sentýabrdan bäri öýündäki internet we mobil telefon hyzmatlaryndan kesildi. Ol noýabryň başynda öz internet adresiniň petiklenendigini anyklady we Aşgabat şäherindäki telefon aragatnaşygy edarasy Kuçerenkonyň internet baglanyşygynyň dikeldilmejekdigini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýn toparlaryň beýanatynda Kuçerenka we Açylowa atylýan haýbatlaryň Türkmenistandaky aktiwistleri gorkuzmak we sem etmek boýunça edilýän tagallanyň dowamdygy bellenilýär.

Şeýle-de beýanatda hukuk goraýjy aktiwist Nataliýa Şabuntsy, hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatulliniň Daşoguz şäherinde ýaşaýan 76 ýaşyndaky ejesini gorkuzmak üçin gurnalan hüjümler ýatladylýar.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary türkmen häkimiýetleriniň bu hadysalary derhal we netijeli, bitarapderňemegine çagyrmaly, şeýle-de olar hökümetiň öz halkara borçnamalaryny berjaý edip, söz azatlygy hukugyny hormatlamagyny talap etmeli diýip, hukuk goraýjy guramalaryň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG