Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine edilýän basyşy ýazgardylar


"Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin we onuň ejesi Halida Izbastinowa
"Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin we onuň ejesi Halida Izbastinowa

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanda graždan aktiwistlerine görkezilýän basyşlary ýazgaryp çykyş etdiler.

“Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň ejesiniň jaýynyň daşlanmagy baradaky habaryň yzýany “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” (IPHR), Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial”, “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň hukuklary we azatlygy” atly gurama bilelikde beýanat ýaýradyp, tankyt bilen çykyş edýän adamlara täze haýbatlaryň atylmagy we olaryň yzarlanmagy baradaky maglumatlaryň aladalanma döredýändigi bellediler.

Habar berlişine görä, oktýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije "Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň we “Hronika Türkmenistan” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullinyň ejesi, Türkmenistanyň ýaşaýjysy Halida Izbastinowanyň Daşoguzdaky öýi nämälim adamlar tarapyndan daşlandy, aýnalary döwüldi. Hüjümiň netijesinde 76 ýaşly zenana zeper ýetmedi, emma ony gorkuzdy we tiz kömegiň çagyrylmagyna zerurlyk döredi. Bu hadysanyň yzýany başlanan derňewiň netije bermändigi beýanatda bellenýär.

Halkara guramalarynyň beýanatynda Halida Izbastinowa edilen hüjüm Türkmenistanyň häkimiýetleriniň öz adyna edilýän tankydyň öňüni almak boýunça edýän synanyşyklarynyň dowamy bolup durýandygy bildirilýär.

Türkmenistanda graždan aktiwistleri Galina Wertýakowa garşy basyşlaryň güýçlenendigi, Galina Kuçerenkonyň, Nataliýa Şabuntsyň, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň habarçylary Soltan Açylowanyň we Hudaýberdi Allaşowyň gözegçilik astynda galýandygy, Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussaglykda saklanýandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG