Orsýetiň Federasiýa geňeşi hökümetiň daşary ýurtlaryň maliýe serişdelerine dolandyrylýan media çeşmelerini daşary ýurt agenti hökmünde kesgitlemegine we olara garşy sanskiýalary girizmegine ýol açýan kanuny tassyklady.
Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi bu kanuny 154 ses bilen bir agyzdan tassyklady. Prezident Wladimir Putiniň gol goýmagyndan soň kanun güýje girer.
Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko kanun çykaryjylaryň bu çäräniň prezidentiň adam hukuklary boýunça geňeşiniň tankytlaryny öwrenmeginden soň kabul edendigini aýtdy.
Bu kanun 15-nji noýabrda Döwlet Dumasy tarapyndan hem bir agyzdan tassyklanypdy. Şondan birnäçe sagat geçensoň Orsýetiň Adalat ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň täzelikler gulluklaryna duýduryş iberipdi. Duýduryş hatynda media serişdeleriniň ýüzbe-ýüz bolup biljek çäklendirmeleri takyklaşdyrylmady.
Orsýetiň Adalat ministrliginiň websaýtynda çap bolan sanawda daşary ýurt agentleri hakyndaky kanunyň ilkinji nobatda täsir ýetirjek guramalarynyň arasynda AÝ/AR-sy (RFE/RL) we Amerikanyň sesi (VOA) bilen bagly dokuz sany media serişdesi görkezilýär.