Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti parahatçylykly häkimiýet çalşygyndan soň kasam etdi


Sooronbaý Jeenbekow
Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň täze prezidenti 24-nji noýabrda paýtagt Bişkekde kasam etdi. Regionda ilkinji gezek häkimiýet saýlanan bir prezidentden, beýlekä parahatçylykly geçýär.

Sooronbaý Jeenbekow döwlet başynda ikinji möhlete galmagy konstitusiýa tarapyndan gadagan edilen prezident Almazbek Atambaýewiň ornuna geçdi.

Jeenbekow prezidentlige kasam kabul ediş dabarasynda gyrgyz we rus dillerinde çykyş edip, “ýurduň içinde bütewiligi” goramagy wada berdi.

2016-njy ýylyň aprel we 2017-nji ýylyň awgust aýlarynyň aralygynda, Atambaýewiň hökümetinde premýer-ministr bolan Jeenbekow alty million ilatly bu Merkezi Aziýa ýurdunda korrupsiýa garşy göreşmegi wada berdi.

“Korrupsiýa garşy rehimsiz göreş başlandy. Jemgyýeti arassalamak boýunça şertler döredilýär” diýip, Jeenbekow aýtdy.

Resmi sanlara görä, Jeenbekow 15-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda, sesleriň 54% toplady. Tankytçylar onuň kampaniýasynyň dowamynda ýurduň häkimiýet başyndaky prezidenti sudlary, kanun goraýjy edaralaryny we güýç gulluklaryny öz premýer-ministrini wezipä getirmek üçin ulandy diýýärler.

Jeenbekowyň esasy garşydaşy Omurbek Babanow sesleriň 34 göterimini gazandy. O saýlawlarda kanun bozmalara ýol berlendigini aýtdy.

Halkara synçylar saýlawlaryň açyk hem bäsdeşlik howasynda geçendigini aýdyp magtadylar, ýöne sesleriň sanalýan wagtynda “käbir möhüm problemalaryň bellige alnandygyny”, “saýlawçylara basyş edilmeginiň, sesleriň satyn alynmagynyň we jemgyýetçilik çeşmelerinden hyýanatçylykly peýdalanylmagynyň alada bolmagynda galýandygyny” aýtdylar.

24-nji noýabrda geçirilen wezipä girişmek dabarasyndan soňra çykyş eden Atambaýew saýlawlaryň “açyk we adalatly” geçendigini, Jeenbekowyň “Gyrgyzystanyň ösüş we öňe gidişlik ugrunda saýlap alan ýoluny dowam etdirjekdigine berk ynanýandygyny" aýtdy.

Jeenbekowyň prezidentlik wezipesine girişmegi Merkezi Aziýada 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra ilkinji gezek häkimiýetiň saýlanan bir prezidentden beýlekisine parahatçylykly geçmegine mysal boldy.

2005-nji we 2010-njy ýyllarda Gyrgyzystanda prezidentler köçe protestleriniň netijesinde çalyşypdy. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda wezipe başyndaky prezidentiň diňe ölümi täze lidere ýol açyp gelýär.

XS
SM
MD
LG