Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan boş duran desgalarynyň üstüne ‘ýene birini goşýar’


Aşgabatda "elitnyý" diýlip atlandyrylýan jaýlar. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda "elitnyý" diýlip atlandyrylýan jaýlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda sosial-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýetmezçilik edýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýan mahaly türkmen häkimiýetleri ýene bir döwrebap myhmanhanany gurmak barada halkara tender bäsdeşligini yglan etdiler.

Geçen hepdäniň ahyrynda türkmen metbugatynda çap edilen bildirişde, Aşgabadyň Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky meýdançada täze myhmanhananyň guruljakdygy we ony gurmak boýunça halkara tender bäsdeşliginiň yglan edilendigi aýdyldy.

Resmi mediada bu myhmanhananyň näçe adama niýetlenendigi we onuň näçe gektar meýdany eýelejekdigi we gurluşygyna näçe maliýe serişdesiniň sarp ediljekdigi barada jikme-jik maglumat berilmese-de, onuň dünýä standartlaryna gabat gelýän döwrebap myhmanhana boljakdygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi harçlanyp gurlan desgalaryň aglabasynyň ýylda diňe sanlyja gezek ulanylýandygyny, şol sebäpli olaryň köpüsiniň boş durandygyny aýdýarlar.

Şeýle desgalaryň hatarynda Ahalda, Maryda gurlan we beýleki welaýatlarda hem gurulmagy göz öňünde tutulýan Ak öýler, sport mekdepleri, Medeniýet öýleri, myhmanhanalar bolup, olaryň käbiriniň gapysyna hemişe diýen ýaly gulp asylandygy bellenilýär.

Galyberse-de, Türkmenistan adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanylýar. Käbir ýerli synçylar we ýaşaýjylar Türkmenistanyň syýahat wizasyny almagy kynlaşdyran ýurtlaryň bäşliginde agzalýandygyna ünsi çekip, “ýurtda gurulýan myhmanhanalaryň sanynyň ýurda gelýän turistleriň sanyndan köp bolmasa, az däldigini” öňe sürýärler.

“Muňa mysal hökmünde garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtyň Arçabil şaýolunyň ugrunda gurlan 30 myhmanhanany aýtsa bolar. Şol myhmanhana gelýän turistleriň ýoklugy sebäpli, olar ençeme ýyllap boş durdy. Häzir olary daşary ýurt firmalaryna kärendesine berdiler. Ondan başga-da ençeme myhmanhana boş dur. Täze guruljagam şolaryň hataryna goşular” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýerli synçy gürrüň berdi.

Ýurtda şeýle maksatly gurlan desgalar doly derejede ulanylman, täze desgalaryň gurluşygyna başlanjakdygy yglan edilýän mahaly, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan esasy desgalaryň, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň ýetmezçiliginiň dowam edýändigi aýdylýar. Käbir obalardaky mekdepleriň mundan 60-70 ýyl çemesi ozal gurlandygy we olarda iň soňky gezek abatlaýyş işleriniň mundan 20 ýyldan gowrak wagt ozal geçirilendigine üns çekilýär.

“Türkmenistanyň oba ýerlerinde salnan mekdepleriň 80%-e golaýy 1950-1960-njy ýyllarda salnan mekdepler. Olaryň ýöne mekdep ady bar. Mugallymlaram okuwçylary birinji we ikinji smenalarda okadyp mydar edýärler. Garaz, ýokdan bar edýärler. Şeýle-de, medpunkty ýok obalarda, näsaglar öz keselini barlatmak üçin keselhanalar ýa-da medpunktly ýerlere geljek bolsalar, juda uzak aralygy geçmeli bolýarlar. Bu aralyk käte 100-400 kilometr aralygynda bolup, bu obalaryň ýerleşiş ýagdaýyna baglylykda üýtgeýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Ol şeýle obalaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna degişli Burgun, Jamal; Serdar etrabyna degişli Ýylgynly, Melegoç, Baleýşem, Akýaýla, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşýän obalaryň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Soňky iki ýylda Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýar. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri döwlet gaznasyna gymmada düşýän desgalaryň gurluşygyny öňküsi ýaly dowam etdirseler-de, olaryň gurluşygyna we gurlan soň saklamak üçin sarp edilýän maliýe serişdesi barada ilata anyk maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG