Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Luhanskiniň lideri wezipe darkaşy arasynda işden çekildi


Igor Plotnitskiý

Gündogar Ukrainanyň öz-özüni jar eden Luhansk halk respublikasynyň lideri Igor Plotnitskiý, Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda soňky günlerde tutaşan häkimiýet dawasynyň arasynda, işden çekildi.

Separatistleriň Luhanskdäki websaýty 24-nji noýabrda Plotnitskiniň saglyk ýagdaýy zerarly işden çekilendigini habar berdi.

Şeýle-de websaýt öz-özüni jar eden guramanyň howpsuzlyk ministri Paseçnigiň, “indiki saýlawlara çenli”, wagtlaýyn ýolbaşçy bellenilendigini habar berdi.

Bu habaryň yz ýanyndan bolsa websaýtda Plotnitskiniň separatistleriň Minsk prosesindäki wekiliniň wezipesine hödürlenendigi habar berildi, bu proses konflikti çözmegi maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG