Sepleriň elýeterliligi

Daşogzuň etraplarynda derman gytlygy ýiti duýulýar


Dermanhana

Türkmenistanda dowam edýän we bilermenler aýtmyşlaýyn ýurt garaşsyzlygyny alandan bäri başdan geçirilýän iň agyr ykdysady krizisiň fonunda, Daşoguz welaýatynyň etrap dermanhanalarynda derman gytlygynyň soňky wagtlarda hasam ýiti duýulýandygy habar berilýär.

Ýerli ýaşaýjylardan Azatlyk Radiosyna yzygiderli iberilýän hatlarda, Daşoguz welaýatynyň etraplarynda käbir suwuk dermanlar, tabletka we çalynýan maz görnüşli dermanlaryň tapdyrmaýandygy öňe sürülýär. Şol bir wagtyň özünde plazmanyň bolsa 2 aýdan bäri düýpden ýokdugy nygtalýar. Derman ýetmezçilikleri sebäpli, ylaýta-da Daşoguz welaýatynyň etrap hassahanalaryndaky çaga dogrulýan bölümlerde, aýallaryň aşa gan ýitirmegi sebäpli gaty kyn ýagdaýa uçramagy ýa-da aradan çykmagy ýaly wakalaryň ýüz berýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri hem Daşoguz welaýatynyň etraplarynda derman gytlygynyň bardygyny tassyklap, muňa baglylykda dermanlaryň bahalarynyň hem aşa ýokarlanmagyna getirendigini aýan edýärler.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan gubadagly bir ýaşaýjynyň sözüne görä, dermanhanalar täze ýyldan bärde gerekli dermanlaryň peýda bolmajagyny düşündirýärler.

"Kelleagyry dermanyny etraplara aýlanyp gözledim. Ahyrynda bir dermanhanada 5 sany galan ekeni. Dermançy mundan soň dermanlaryň täze ýyldan bärde gelmejegini aýtdy we olaryň baryny satyn almagy maslahat berdi. Täze ýylda haýsy wagtda geljegini sorasam, dermançy onuň wagtynyň belli däldigini düşündirdi. Dermançy onsoň etraplaryň barynda gerekli däri-dermanlaryň tapylmaýandygyndan nalady. Näsaga ysgyn berýän "Deksdroza" atly serişdäniň bolsa tutuş Daşoguzda 6 aýdan bäri ýokduguny aýtdy. Asma sanjym we beýleki dürli sanjymlar hem soňky 6 aýda düýpli ýetmezçilik edýär. "Omez" atly aşgazan dermanynyň bahasy owal 1 manat bolsa, häzir 4-5 manatdan has gymmat satylýar. Meselem, owal 1,5 manatdan satylýan "Bobenak akbar" atly kelleagry dermanlarynyň bahasy häzir 5 manada ýetipdir. "Kwamatel" atly 5 sanjymlyk ampuldan ybarat bolan aşgazan dermanyň owalky bahasy 30 manat, häzir bolsa 100 manatdan zordan tapdyrýar. "Mildronat" atly ýürek dermany öň 50 manatdy, häzir 100 manatdan diňe Aşgabatda tapyp bolýar. "Mildronat" tapdyrmasa dermançylaryň hut özi onuň deregine ondan has gowşagrak "Kokarbakselaza" atly dermany satyn almagy maslahat berýärler.

Etraplardaky dermanhanalaryň işgärleri haýsy dermanyň Aşgabatda kimden nädip alyp bolýandygyny ýa-da daşary ýurtdan nädip getirdiljegini aýdyp, halka kömek edip durlar, bolmasa halk düýpgöter dermansyz galaýmaly. Daşoguzyň etraplaryndan gidýänlerden Aşgabatda döwlet bahasyndan satylýan dermanlardan getirmegi hem maslahat berilýär. Ýöne Daşoguzdan Aşgabada otly, awtobus we taksi hem juda gymmat bolansoň, her kimiň derman üçin gitmäge gurby çatanok" diýip, ol Azatlyk Radiosyna Daşoguzyň Gubadag etrabynda derman gytlygy barasynda başdan geçirilýän ýagdaýlary gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine maglumat beren 3-nji toparda durýan gubadagly maýyp bir raýatyň sözüne görä, indi özi ýaly üçünji topara degişli maýyp hem şikeslileriň owal mugt bolan däri-dermanyndan, ýüzden 2 göterim töleg soralýar.

"Mundan owal 1-nji, 2-nji we 3-nji toparda durýan maýyp hem şikeslilere ýörite resminama bilen mugt däri-derman berilýärdi. Häzir diňe 1-nji we 2-nji topardakylara mugt derman berilýär. 3-nji toparda durýan maýyp hem şikeslilerden bolsa aljak dermanynyň ýüzden 2 göterimini tölemegi talap edilýär. Adamlar derman gytçylygy bolany üçin pul bermäge razy, ýöne gynansagam puluň bolaýanda-da gerek bolan dermanlar pula-da tapdyranok. Häzir Daşoguz welaýat merkezinde hem tapdyrmaýan dermany Aşgabada gatnaýan taksiçilerden sargaýarlar. Ýöne derman gytlygy sebäpli taksiler we otly bilen getirýänler hem öz araçylyk haklaryny juda ýokarlandyrdylar. Etraplardaky hekimlerem adamlara: "Biz derman üçin hiç zat edip bilemizok. Garaşyň, hökman bir wagt geler. Gaýrat ediň" diýýärler. Kesel ýakaňdan tutanda gaýratyňa seredýärmi ýa-da dermanyň geljek wagtyna garaşýarmy? Beýdip halky dermansyz kösemeseler gowy bolardy" diýip, ol Azatlyk Radiosyna derman kösençlikleri barasynda gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen gürrüňdeş bolan Daşoguz welaýatynyň etraplarynda ýaşaýan käbir raýatlaryň aýtmagyna görä, Aşgabatdan tapdyrmaýan dermanlar bolsa Türkiýeden getirdilýär.

Ýatladyp geçmeli bolsa, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwaryndan, amerikan dollarynyň satuwy resmi taýdan bes edildi. Dollaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy 3 manat 50 teňňe görnüşinde saklanyp galýan bolsa, ‘gara bazardaky’ nyrhy 7-8 manada ýetdi.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, şol sanda dermanlaryň bahasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi aýdylýar. Şu ýylyň ilkinji iki hepdesiniň dowamynda hususy dermanhanalardaky dermanlaryň bahasy iki esse gymmatlapdy. Ondan soň awgust aýynyň başynda hem, käbir dermanlaryň bahasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3-5 esse ýokarlandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar beripdiler.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de onuň degişli bölümlerinden haýsydyr bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG