Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň öňki doping resmisini 'hakykatçy şaýat' atlandyrdy


Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň öňki resmisi Grigoriý Rodçenkow
Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň öňki resmisi Grigoriý Rodçenkow

Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň doping bilen bagly dawada aýyplaýjy strategiýasyna garşy çykdy we Moskwanyň dopinge garşy agentliginiň öňki resmisi Grigoriý Rodçenkowyň Orsýetiň doping dildüwüşigini dünýä paş etmegi bilen “hakykatçy” bolandygyny aýtdy.

Moskwanyň dopinge garşy laboratoriýasynyň öňki müdiri 2015-nji ýylda Orsýetde dopingiň döwletiň goldawynda ulanylýandygynyň üstüni açmak bilen “hakykatçy şaýatdyr” diýip, Olimpik komitetiniň orsýetli sportsmenleriň doping bilen bagly işleri boýunça 27-nji noýabrda geçiren maslahatynda aýdyldy.

Orsýetiň häkimiýetleri doping bilen bagly meseleleriň birnäçesiniň jogapkärçiligini Rodçenkowyň we birnäçe sportsmeniň üstüne atmaga synanyşdylar. Bu bolsa soňky iki ýylyň dowamynda onlarça sportsmeniň halkara sport çärelerine gatnaşmagynyň gadagan edilmegine getirdi.

Orsýetiň şu aýda Rodçenkowa garşy gozgan işinde Orsýetiň derňew komiteti onuň 2014-nji ýylda Soçide geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda doping programmasyna ýolbaşçylyk edendigini we 2006 – 2015-nji ýyllaryň aralygynda laboratoriýa baştutanlyk eden döwründe birnäçe beýleki işlere baş goşandygyny aýtdy.

Orsýetiň derňew komiteti, media maglumatlaryna görä Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Rodçenkowyň ekstradisiýa edilmegini isleýär.

XS
SM
MD
LG