Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Nyýazow döwründe dakylan şäher, etrap atlaryny üýtgetdi


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow we häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow we häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda öňki ýurt baştutany Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygynda dakylan şäher, etrap we oba atlaryny hem-de olaryň dolandyryş-çäk gurluşyny üýtgetdi.

27-nji noýabrda Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça işler we bu babatda taýýarlanylan kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Resmi mediada aýdylmagyna görä, agzalýan karara laýyklykda, bu sebitiň düzümine 10 etrap – Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Farap, Hojambaz etraplary hem-de 1 etrap hukukly şäher—Türkmenabat şäheri girýär.

“Galkynyş etrabynyň etrap merkezi bolan Galkynyş şäheriniň ady üýtgedilip, ol Dänew şäheri diýlip atlandyryldy. Dänew etrabynyň Nyýazow şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Garaşsyzlyk ady dakyldy. Serdarabat etrabynyň ady üýtgedilip, oňa taryhy Çärjew ady dakyldy” diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de, maglumatda Sakar, Garabekewül etraplary hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap ýatyrylyp, onuň çäginiň we dolandyryş-çäk birlikleriniň degişlilikde Saýat we Halaç etraplarynyň hem-de Döwletli etrabynyň düzümine geçirilendigi aýdylýar.

Öňki prezident Nyýazowyň kakasynyň adyny göterýän Atamyrat etrabynyň çäkleri öňküligine galdyrylyp, etrabyň hem-de etrap merkezi bolan Atamyrat şäheriniň atlary üýtgedilip, olara taryhy ady bolan Kerki ady dakyldy.

Aýdylmagyna görä, gürrüňi edilýän kararyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda etraplaryň we şäherleriň taryhy atlaryny dikeltmek barada welaýatyň ilatynyň, esasan, ýaşuly nesliniň wekillerinden gelip gowşan teklipleriň öwrenilendigi, Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” atly kitabynda beýan edilen “gymmatly maglumatlardan” ugur alnandygy bellenilýär.

Ýatlap geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň öňki prezident Saparmyrat Nyýazow bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlaryny üýtgetmek ýa-da desgalary söküp aýyrmak boýunça alyp baran soňky çäresidir.

Alty aý çemesi ozal Aşgabadyň merkezi köçeleriniň biri bolan Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edarasynyň öňündäki Nyýazowyň heýkeli aýrylypdy.

Mundan öň bolsa, Nyýazowyň, şeýle-de onuň ejesiniň, kakasynyň, doganlarynyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky, şol sanda paýtagtdaky heýkelleriniň tas ählisi sökülip aýryldy. Şeýle-de, Nyýazowyň ýazdy diýilýän kitaplary durmuşyň ähli pudaklaryndan diýen ýaly ýitirim edildi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bir tarapdan şäherlere, etraplara we obalara taryhy ýer-ýurt atlarynyň dakylmagynyň gowudygyny belleseler, beýleki tarapdan bu çäräniň sebäplerini ilatyň aňyndan, hakydasyndan Nyýazowyň adyny, ol baradaky ýatlamalaryny aýyrmak üçin edilýän tagallanyň bir bölegi diýip düşündirýärler.

Belläp geçsek, soňky ýyllarda Nyýazow bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlary üýtgedilip, ony ýatladýan desgalar sökülip aýrylýan mahaly, onuň deregine Berdimuhamedowyň we onuň garyndaşlarynyň kulty döredi.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny bir harby bölüme dakmak barada karar kabul etdi. 2017-nji ýylda bolsa, türkmen parlamenti “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal döretdi.

Mundanam başga, soňky ýyllarda ýurtda Berdimuhamedowyň aýatdaky dogan-garyndaşlarynyň käbirlerini wasp edýän aýdymlar hem aýdylyp başlandy.

2015-nji ýylda Berdimuhamedowyň 6 metr beýikligindäki ilkinji altyn çaýylan heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Şol ýyly türkmen lideriniň hormatyna “Arkadag” atly seýilgäh hem guruldy.

XS
SM
MD
LG