Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen goşunynyň esgerleri aç galmazlyk üçin ene-atalaryndan pul soraýarlar


Türkmenistan. Köçe süpürýän esgerler.
Türkmenistan. Köçe süpürýän esgerler.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän esgerleriň azyk bilen üpjünçiliginiň görnetin ýaramazlaşyp, harby gullukçylaryň yzlaryndan ene-atalary tarapyndan getirilýän azyk önümlerine barha kän mätäç bolýandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ogullary goşun hatarynda gulluk ediýänene-atalaryň Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, esgerler azyk meselesinde “örän horlanýarlar”. “Olar öz ene-atalaryna habar ýollap, yzlaryndan iýmit getirilmegini ýa pul ugradylmagyny ýygy-ýygydan haýyş edýärler” diýip, bu ýagdaýy öwrenýän ýerli synçy aýtdy.

Çagam horlanmasyn diýip, göteribilen iýmitlermi göterip, ýurdyň o çetinde gulluk edýän oglumyň yzyndan gatnamaga mejbur bolýaryn” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Aşgabatly enäniň gullukdaky ogly esgerleriň esasy iýmitleriniň arpa ýarmasy bolup durýandygyny, ony iýeniňde aşgazanyň agyrýandygyny we naharyň esli wagtlap siňmeýändigini gürrüň berdi.

Azatlygyň başga bir çeşmesi ýolbaşçylaryň esgerlere goýberilýän azyk önümleriniň azaldylmagy netijesinde dörän meseleleriene-atalaryňhasabynaçözmäge çalyşýandyklaryny gürrüň berdi.

Harby bölümleriň içinde hususy dükanlaryň açylmagyna rugsat berdiler we esgerler indi şol dükanlarda bar bolan azyk önümlerindensatyn alyp, özbaşlaryna naharlanýarlar” diýip, aşgabatly ene aýtdy.

Şu ýagdaý sebäpli her kim esger oglunyň yzyndan baryp, olara pul goýup gaýtmaga çalyşýar. Esger oglanlar bolsa, ol puly harby bölümiň içindäki dükan eýelerine berýärler we şol puluň hasabyna gündelik iýjek zatlaryny satyn alýarlar” – Azatlygyň söhbetdeşi gürrüňni dowam etdirdi.

Aýdylmagyna görä, dükan eýelerine beren puly gutaryp,gyssaga düşen esgerlerene-atalaryna hususy dükan eýeleriniň telefon nomerlerini iberip,şol nomerepul geçirmegi haýyş edýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan başga bir aşgabatly harby bölümlerdäki azyk ýetmezçiliginiň hem esgerler, hem olaryň ene-atalary üçin uly kynçylyklary döredýändigini aýtdy.

“Işsizlik, gazanç ýetmezçiligi sebäpli öz güzeranmyzy zordan aýlaýardyk. Indi mellekde ekin ekip, bazarda gök önüm satyp, gapydaky mallarymyzyň hasabyna esger oglumyzyň yzyndan gatnap, ony aç goýmazlyga çalyşýarys” diýip, obaly ýaşaýjy aýtdy.

Emma ýerli synçylar, suw ýetmezçiligi zerarly, obalardaky mellek ýerleriniň hem hemişe derde ýaramaýandygyny, bu hili ýagdaýa düşen ene-atalaryň ne ogullarynyň yzyndan gitmäge, ne pul ibermäge gurbunyň çatýandygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda mellekde gök ekmek ýa ozaldan gögerip oturan üzüm, alma, nar agaçlaryňy gurutman saklamak hem uly mesele boldy, sebäbi suw ilkinji nobatda gowça ekýänlere berilmeli we şondan soň melleklere goýberilýär” diýip, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan gelen daýhan Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý hökümetiň ilata berilýän sosial goldawy azaltmagyna, tebigy gaz, suw we elektrik togy üçin täze nyrhlaryň girizilmegine alyp geldi. Şol bir wagtda Halkara Walýuta fondunyň Türkmenistanda bolan ekspertlerigolaýda döwlet inwestisiýalarynynyň ýene azaldylmagyny maslahat berdiler.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy soňky ýyllarda Türkmenistanyň harbylarynyň durmyş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny, täze ýaraglaryň satyna alynaýndygyny we döwlet baştutanynyň goranyş meselelerine aýratyn üns berýändigini habar berýär. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow 21-nji noýabrda Kopetdagyň etegindäki serhet galalarynyň birine baryp, serhetçileriň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Şeýle-de prezident naharhana hem-de aşhana baryp, esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy diýip, TDH ýazýar.

XS
SM
MD
LG