Sepleriň elýeterliligi

“Talybanyň” söweşijileri Peşawarda oba hojalyk mekdebine hüjüm etdiler


Oba hojalyk mekdebine edilen hüjümiň pidalary, Peşawar, 1-nji dekabr, 2017

“Talybanyň” söweşijileriniň 1-nji dekabrda Pakistanyň demirgazygynda Oba hojalyk mekdebine amala aşyran hüjüminde azyndan dokuz adam wepat boldy diýip, keselhananyň we polisiýanyň resmileri AÝ/AR-na aýtdylar.

Oba hojalyk institutynyň müdirligine edilen hüjümiň bolan ýerine baran polisiýanyň we harbylaryň ähli hüjümçileri atyp öldürendigini harbylaryň metbugat gullugy habar berdi.

Ady görkezilmedik medisina resmisiniň AÝ/AR-nyň habarçysyna aýtmagyna görä, keselhana dokuz adamyň jesedi eltilipdir.

Dört hüjümçiden üçüsi ölenleriň arasynda diýip, AÝ/AR-nyň Pakistan gullugynyň habarçysy aýtdy.

Pakistanly “Talybanyň” “Tehrik-e Taliban Pakistan” (TTP) topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

1-nji dekabrda Pakistanyň Hyber Pahtunkhwa regionynda baýramçylyk güni ýaraglylar aýallaryň bürenjegini geýip, Oba hojalyk mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýyna hüjüm etdiler diýip, Peşawaryň polisiýasynyň başlygy Tahir Han aýtdy.

XS
SM
MD
LG