Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet Dumasy amerikaly žurnalistleriň kanun çykaryjy edara girmeklerine gadagançylygy göz öňünde tutýar


Russiýanyň döwlet dumasy.
Russiýanyň döwlet dumasy.

Orsýetiň Döwlet Dumasy ABŞ-nyň ähli media serişdeleriniň parlamentiň Aşaky öýüne girmeklerini gadagan etmegi göz öňünde tutýar we bu teklip geljek hepde maslahat ediler diýip, kanunçylyk boýunça komitetiň ýolbaşçysy aýtdy.

Olga Sawastýanowanyň 1-nji dekabrda eden beýanaty Birleşen ŞtatlaryňKongresiniň metbugat elýeterliligi boýunça guramasynyň Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “RT” telekanalynyň kanun çykaryjy häkimiýet boýunça metbugat ygtyýarlygyny çäklendirmek meselesine seretmeginden iki gün soň edildi.

Dumanyň Birleşen Ştatlaryň žurnalistlerine garşy gadagançylyk girizmek haýbaty Moskwanyň Waşingtonyň ABŞ-da rus mediasyna görkezýändigini aýdýan gysyşyna gaýtarýan nobatdaky jogap hereketidir. Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda gatnaşyklar Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy we 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatyşmagy baradaky çaklamalar sebäpli dartgynly bolmagynda galýar.

“Biziň komitetimiz adatdan daşary sessiýa geçirip, onda ABŞ-yň ähli media guramalarynyň žurnalistleriniň Duma girmeklerini gadagan edýän çözgüdiň taslamasyna serediler” diýip, Sawastýanowa belledi.

Ol teklibiň 5-nji dekabrda kanun çykaryjy edaranyň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetiriljekdigini we munuň 6-njy dekabrda geçiriljek plenar mejlisde maslahat edilip bilinjekdigini mälim etdi.

Dumada hökümet başyndaky “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy agdyklyk edýär, şol sebäpden ol Kremliň görkezmelerine eýerýär. Bu täze haýbat rus hökümetine daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän islendik media kompaniýasyny “daşary ýurt agentlikleri” hökmünde bellige almaga ygtyýar berýän kanunyň kabul edilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Agzalýan kanunçylyk ilki parlamentde kabul edildi, soňra 25-nji noýabrda prezident Wladimir Putin tarapyndan tassyklanyldy.

Orsýet bu kanun Birleşen Ştatlaryň “RT” telekanalyndan “Daşary ýurtly agentleri hasaba almak boýunça aktyň” (FARA) talaplaryna laýyklykda hasaba durmagyny talap etmegine gaýtawul hökmünde “simmetriki jogap” diýýär. Amerikan häkimiýetleri “RT-ni” propaganda ýaýmakda aýyplaýar.

Amerikaly resmiler bu çäräniň simmetriki däldigini aýdýarlar. Birleşen Ştatlardaky we Orsýetdäki agzalýan kanunlar biri-birinden tapawutly; Orsýet “daşary ýurtly agentlikler” boýunça kanunyny dürli pikirliligi basyp ýatyrmak we azat garaýyşlaryň beýan edilmeginiň öňüni almak üçin ulanýar diýip, resmiler belleýärler.

Human Rights Watch bu kanuny “media azatlyklaryna edilen ýokary tizlikli hüjümdir” diýip ýazgardy. Gurama “bu kanun selektiw, ýagny adam saýlap berjaý edilýän, syýasy matlaplara niýetlenilen we rus halkyna eşitdirilmegi islenilmeýän sesleri ýatyrmak üçin ýörite çykarlypdyr” diýdi.

Orsýetiň media boýunça çykaran täze kanun goşmaçalaryna laýyklykda, haýsy daşary ýurtly media kompaniýasynyň “daşary ýurt agentligidigini” kesgitlemek Adalat ministrligine bagly. Rus resmileri we kanun çykaryjylar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR), Amerikanyň sesiniň (VOA), CNN-iň hem-de Germaniýanyň “Deutsche Welle” kanalynyň täze kanunyň esasynda nyşana alynjakdygyny ýaňzydýarlar.

Ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw agentlikleri ýurtda 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna rus hökümetiniň täsir ediş tagallalarynyň çäklerinde Orsýetiň “Russia Today” kanaly we “Sputnik” habar agentligi ýalan maglumat ýaýdy diýen netijä gelensoň, Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti “Russia Today-iň” ABŞ-daky potratçysynyň hasaba durmagyny talap edipdi.

Birleşen Ştatlaryň halkara raýat media operasiýalaryna, şol sanda AÝ/AR-a we “Amerikanyň sesine” gözegçilik edýän Broadcasting Board of Governors atly federal agentligiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Jon Lansing 25-nji noýabrda Orsýetiň ABŞ-nyň hereketlerine garşy görýän çärelerini “deňagramly” diýip häsiýetlendirmek “hakykaty ýoýmaklykdyr” diýdi.

“Rus mediasy, şol sanda “RT” we “Sputnik” Birleşen Ştatlarda erkin iş alyp barýarlar; olara kabel arkaly ýaýlym mümkinçilikleri, şeýle-de FM radio stansiýalary elýeterlir” diýdi. Ol: “Ýöne halkara amerikan media serişdelerine, şol sanda AÝ/AR-a we “Amerikanyň sesi” kanalyna Orsýetde telewizion we radio ýaýlym mümkinçilikleri gadagan edilen” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG