Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ýurtda gozgalaň turuzmak aýyplamasyny ýatyrýar


Belarus, "Ak legionyň" agzalary

Belarus häkimiýetleri “Ak legion” toparynyň agzalaryna garşy ýurt boýunça gozgalaň turuzmagy planlaşdyrmak barada açylan jenaýat derňewini togtatdy.

Derňew komiteti 30-njy noýabrda “Ak legionyň” aktiwistleriniň harby türgenleşik geçirmek elementleriniň bolandygyny, emma derňewiň ýurduň konstitusion gurluşyny gowşatmaga, toprak bütewiligini bozmaga gönükdirilen planlary tassyklaýan subutnamany ýüze çykarmandygyny aýtdy.

“Şu sebäpden güman edilýänleriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi, deslapky derňewler olaryň hereketlerinde jenaýatyň ýoklugy üçin goýbolsun edilýär” diýip, beýanatda aýdylýar. Döwlet howpsuzlyk komiteti “Ak legionyň” we “Ýaş front” hereketiniň 26 agzasyny ýurt boýunça gozgalaň taýýarlamak şübhesi bilen tussag edipdi.

Olar prezident Aleksandr Lukaşenko käbir toparlar ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga we rewolýusiýa etmäge çalyşmakda güman edilýär diýeninden soň tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG