Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy Hazarýaka döwletleriniň ministrleriniň sammitine gatnaşar


Raşid Meredow
Raşid Meredow

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4–5-nji dekabrda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiriljek maslahatyna gatnaşar. Bu barada türkmen hökümetiniň 1-nji dekabrdaky mejlisinde habar berildi.

TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä,Moskwa duşuşygynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Döwlet baştutanlarynyňnobatdaky sammitiniň 2018-nji ýylda Gazagystanda geçirilmegine garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka sebitiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň taslamasyna aýratyn üns bererler diýip, habarda bellenilýär.

Hazarýaka döwletleri Kaspiniň hukuk durumyny kesgitlemek üstünde ozalky Sowet Soýuzy dargaly bäri iş alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG