Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan parlament saýlawlary möwsümine badalga berýär


Aşgabat. Merkezi saýalaw komissiýasynyň binasy. TDH-nyň fotosuraty

Türkmen parlamenti Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawyna 4-nji dekabrda badalga berilýändigini yglan etdi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar 2-nji dekabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine seretdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.

Saýlawlary geçirmek baradaky merkezi toparyň kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlap saýlaw möwsümine badalga berilýär.

Saýlawlaryň başlanmagyna 60 gün galanda dalaşgärleri görkezmek başlanar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlara halkara guramalary ýa garaşsyz synçylar tarapyndan bir gezek hem azat we adalatly diýlen baha berilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG