Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň migrasiýa ylalaşygyndan çykyp, öz syýasatyny döreder


ABŞ prezident Donald Trampyň ýurdy BMG-niň Migrasiýa ylalaşygyndan çykarjakdygyny aýdýar.
ABŞ prezident Donald Trampyň ýurdy BMG-niň Migrasiýa ylalaşygyndan çykarjakdygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlar prezident Donald Trampyň, “ABŞ-nyň özygtyýarlylygyna gatyşýar” diýip, ýurdy BMG-niň Migrasiýa ylalaşygyndan çykarjakdygyny yglan etdi.

Döwlet departamenti 2-nji dekabrda giçlik bu ylalaşygyň “ABŞ-nyň immigrasiýa we bosgunlyk baradaky syýasaty, Trampyň immigrasiýa baradaky prinsipleri bilen bir ýere sygyşmaýan bir topar düzgüniniň bardygyny” aýtdy.

“Şu sebäpli prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşyk prosesine gatnaşygyny bes etmek kararyna geldi” diýip, beýanatda aýdylýar.

Döwlet departamenti bu prosese gatnaşygyň 2016-njy ýylda, “Obama adminstrasiýasynyň BMG-niň migrasiýa boýunça Nýu-Ýork jarnamasyna goşulmak bardaky kararyndan” soň başlanandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG